Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň hökümeti harby çärelerini bes edendigini aýdýar


Liwiýanyň hökümeti ýurt içindäki ähli harby çäreleriň derhal bes edilýändigini yglan etdi diýlip, habar berilýär.

Liwiýanyň daşary işler ministri Moussa Koussanyň aýtmagyna görä, Muammar Kaddafiniň režimi ýurtdaky ot açmalary we ähli harby operasiýalary bes edipdir.

Mundan öň, Günbatar ýurtlary we NATO agzalary gyssagly duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda Birleşen Milletler Guramasynyň Liwiýa garşy howa giňişligi arkaly uçuş gadanlygyny girizýän rezolýusiýasyny amala aşyrmak meselelerine seredildi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Liwiýanyň howa giňişliginde uçuş gadaganlygyny girizmek boýunça rezolýusiýany kabul edipdi. Bu çäre graždan ilaty Kaddafiniň hüjümlerinden goramak üçin “ähli zerur çäreleriň” görülmegine ygtyýar berýär.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron ýurduň parlamentinde çykyş edip, bu çärede Britaniýanyň hem “özüne düşýän işi” berjaý etjekdigini aýtdy.

Halkara harby çärelere fransuz harby uçarlarynyň hem gatnaşjakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG