Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň öňki prezidentiniň üstünden jenaýat işi gozgaldy


Ukrainanyň öňki prezidenti Leonid Kuçmanyň üstünden jenaýat işi gozgaldy. Ol 2000-nji ýylda žurnalist Heorhiý Gongadzeniň ölümine ilteşigi boýunça derňeler. Bu barada Ukrainanyň prokurorlary habar berýär.

Ukrainanyň baş prokurorynyň birinji orunbasary Renat Kuzmin bu iş barada şeýle diýdi: "Bu derňew işi juda gyzgalaňly alnyp barylýar. Men munuň juda tiz gutarjakdygyna umyt edýärin”.

Gongadzeniň öldürilip, kellesiniň kesilmegi Ukrainada postsowet döwründe amala aşyrylan iň elhenç syýasy jenaýatlaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

Kuçmany tankytlan Gongadze 2000-nji ýylyň sentýabrynda alnyp gaçylypdy. Onuň kellesiz jesedi Kiýewiň etegindäki tokaýda tapylypdy.
XS
SM
MD
LG