Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olary unutmaly däldiris: Dmitriý Naliwkin


Akademik Dmitriý Wasilýewiç Naliwkin dünýä belli geolog, görnükli alym, Lenin we döwlet baýraklarynyň laureaty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny esaslandyryjylaryň biri, onuň hormatly akademigi, öz wagtynda respublikamyzyň Ýokary Sowetiniň deputaty.

Akademik Dmitriý Wasilýewiç Naliwkiniň mazary
Uzak ýyllaryň dowamynda onuň ylmy we guramaçylyk işiniň Türkmenistan bilen baglanyşykly bolandygyny akademigiň şägirdi ylymlaryň doktory, professor, häzir Gazagystanyň Aktau şäherindäki uniwersitetde işleýän Gurban Amannyýazow nygtaýar.

Bu akademik baradaky gürrüňi ilkinji gezek geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrynda Aşgabat — Nebitdag otlusynyň üstünde hut onuň şu şägirdinden eşidipdim. Gurban aga goňşuçylykda ýaşaýan bolsak-da, onuň bilen otlynyň küpesinde tanşypdyk. Şonda ol meniň "Edebiýat we sungat" gazetine ýolbaşçylyk edýändigimi bilip, halypasy barada gürrüň berip ugrady. Ol hakda hepdelikde oçerk çap edilse, akademigiň halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmegi boljakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Men professoryň teklibini oňlasam-da, Nyýazowyň diýdimzorlugy bilen baş redaktorlyk wezipämden gitmeli bolandygym sebäpli, ony amala aşyryp bilmedim. Şeýle hem D.Naliwkiniň "1948-nji ýyldaky Aşgabat ýertitremesi hakyndaky ýatlamalar" kitapçasyny türkmen diline geçirmek niýetimem başa barmady. Akademigiň bu pajygaly waka hakyndaky ýatlamalary 1989-njy ýylda "Ylym" neşirýatynda 30 sahypalyk möçberde 2000 nusgalykda rus dilinde çap edilipdi.

Onuň ýazylmagynda, soňra-da çap edilmeginde Gurban Amannyzowyň hyzmatyny ýörite bellemek gerek. Ol öz halypasynyň Aşgabat ýertitremesine gözli şaýatdygyny bilensoň, duşuşyklarynyň birinde ondan bu waka barada ýatlama ýazandygyny ýa ýazmakçydygyny sorapdyr. Akademik käbir bellikleriniň bardygyny aýdyp, olary ibermäge söz beripdir. Ýöne ol aradan çykansoň, ýatlama ýazgylaryny akademigiň ogly kakasynyň şägirdine gowşurypdyr. Şeýlelikde bu tolgundyryjy kitapça peýda bolupdyr.

Ýer yranan gijesi Dmitriý Wasilýewiç Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary Şaja Batyrowyň iş otagynda eken. Şol gije bu ýerde Garabogazyň meselesine garalypdyr. Mejlis gije ýarymynda tamamlanypdyr. Şaja Batyrow alymy we onuň kärdeşlerini SSSR Ylymlar akademiýasynyň türkmen filialyny döretmegiň meseleleri barada pikir alyşmak üçin beýlekiler dargaşanda saklapdyr. Bu işi hem tamamlap, hoşlaşyp başlanlarynda güýçli urgy jaýy yrandyrypdyr.

Türkmen ýolbaşçysy Naliwkine heläkçilik çekenlere medisina kömegini guramagy tabşyrýar. Geolog alym bu işi guraýşyny öwünmezden ähli kynçylyklary, kemçilikleri bilen ynandyryjy ýatlaýar. Kitapçany okanyňda tebigy heläkçiligiň ähli pajygasy, kyn gündäki dostluk-doganlyk, raýdaşlyk göz öňüňde janlanýar. Ol Aşgabat ýer titremesi hakynda ýazylan az sanly, täsirli ýatlamalaryň biridir.

D.Naliwkiniň beýleki hyzmatlaryny agzap oturmanymda-da, şol galagoply günlerde medisina kömegini guramakda, adamlary halas etmekde, pida bolanlary jaýlamakda bitiren işleri üçin hormata ýatlanylmaga mynasypdyr.

Türkmen sowet ensiklopediýasynyň 6-njy tomunda akademik barada makala ýerleşdirilipdir. Onda berlen maglumatlara görä, ol 1889-nji ýylda Peterburgda doglup, şol şäherde-de 93 ýaşynda aradan çykýar. 70 ýaşynda Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen ada mynasyp bolýar. Lenin ordeniniň 4-si, beýleki ordenleriň 3-si we medallar bilen sylaglanýar. Onuň ylmy işleriniň sanasaň sogaby bar.

Şägirdiniň şaýatlyk etmegine görä, Dmitriý Wasilýewiç Türkmenistany jandan-dilden söýýän eken. Güneşli ýurdumyzy häli-şindi ýatlapdyr. Iň soňky duşuşyklarynda ol şägirdine: "Türkmenistan ajaýyp ülke, men ony indi görmesem gerek, bu dabaraly topraga we onuň myhmansöýer adamlaryna meniň çuň hormatymy we baş egýändigimi ýetiriň" diýip sargyt edipdir.

Ine, şeýle adamlary hakykatdanam unutmaly däldiris!

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG