Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyz komissiýa gyrgyz-özbek çaknyşyklary boýunça hasabat ýaýratdy


Garaşsyz kommisiýa geçen ýyl Gyrgyzystanda bolan etnigara konfliktde özbek milleti has köp ejir çekendir diýen netijä geldi.

Kommisiýanyň bu mesele bilen bagly ýaýradan hasabatynda geçen ýyl Gyrgyzystanyň günortasynda 470 adamyň ölümine sebäp bolan etnigara konfliktini gyrgynçylyk diýip atlandyryp bolmasa-da, onda adamzada garşy jenaýat alamatlarynyň bardygy aýdyldy.

Halkara ekspertleriň pikirine görä, gyrgyz häkimiýetleri bu çaknyşyklaryň öňüni almak üçin ýeterlik çäre görmändigi aýdylýar.

Konfliktiň pidalarynyň 74%-e golaýynyň özbeklerdigi bellenýär.

Gyrgyz hökümeti bu hasabaty birtaraplaýyn diýip atlandyryp, ony ret etdi.
XS
SM
MD
LG