Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müňlerçe bosgun Siriýadan Türkiýä aşýar


Türk resmileriniň berýän maglumatlarynda repressiýalar zerarly müňlerçe bosgunyň Siriýadan Türkiýa gaçyp barýandyklary habar berilýär.

Türkiýäniň ýerli metbugatynda berlen maglumatlarda Siriýadan bosup gelen adamlaryň sanynyň birnäçe müňe ýetenligi aýdylýar.

Türkiýäniň Siriýa bilen serhetdeş Hataý welaýatynda çadyrlar dikilip, bosgunlara ýaşamak üçin şertleriň döredilýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ýelena Solnsewa bosgunlaryň suw, azyk, däri-derman bilen üpjün edilýändigini habar berdi.

Türk resmileri Siriýanyň häkimiýetlerini protestleri basyp ýatyrmagy bes edip, daşary ýurt metbugatynyň wekillerine ýurda barmaga rugsat bermeklige çagyrdy.

Geçen hepde türk delegasiýasy syýasy hem ykdysady reformalary geçirmek babatda maslahat bermek üçin Siriýanyň paýtagty Damaska barypdy.
XS
SM
MD
LG