Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe gadymy ermeni kelisesini gorap saklamakçy


Şu gün Türkiýäniň hökümet resmileri Ermenistan bilen barlyşmak niýetiniň nyşany hökmünde ýurduň Kars şäheriniň golaýyndaky gadymy ermeni kelisesini gorap saklamak üçin ýörite proýektiň ýola goýlandygyny habar berdiler.

Türkiýäniň medeniýet ministri Ertugrul Günaý bu proýektiň Dünýä ýadygärlikler fondy bilen partnýorlykda ýola goýlandygyny aýtdy.

Bu wakanyň öňýany, geçen aýyň ahyrynda Türkiýänin ýerli häkimiýetleri türk-ermeni serhetlerine golaý ýerde iki ýurduň dostluk-doganlygynyň hatyrasyna gurlan skulpturany ýykmak çäresine girişipdiler.

Bu wakany Türkiýäniň käbir intellektual toparlary tankytlap çykyş edipdiler.

Ol ýadygärligiň şu günki gün doly ýykylandygy ýa ýykylmandygy barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG