Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: metbugat ýapyklygyna galýar


Jumamyradow ozalky ýyllarda bolşy ýaly, ýurduň gazet-žurnallarynda we radio-telewideniesinde henizem bir şahsyýeti mahabatlandyrmak syýasatyndan el çekilmeýändigini, bu ýagdaýyň bolsa ýurduň raýatlaryny juda irizendigini aýdýar.
Jumamyradow ozalky ýyllarda bolşy ýaly, ýurduň gazet-žurnallarynda we radio-telewideniesinde henizem bir şahsyýeti mahabatlandyrmak syýasatyndan el çekilmeýändigini, bu ýagdaýyň bolsa ýurduň raýatlaryny juda irizendigini aýdýar.

Şu hepde ynsan hukuklaryny goraýjy «Freedom House» guramasy dünýäniň dürli ýurtlaryndaky metbugat azatlygynyň ýagdaýy barada ýyllyk hasabatyny ýaýratdy.


Dünýäniň 196 ýurduna baha berlen bu hasabatda Türkmenistan bilen Demirgazyk Koreýa iň ýaramaz iki ýurt hökmünde 195-nji we 196-njy orunlarda goýlupdyr.

Türkmenistanyň metbugat azatlygy meselesinde indi ençeme ýyllar bäri iň bir ýaramaz ýurtlaryň arasynda-da ýaramazy hökmünde baha alyp gelmeginiň sebäbini bu guramanyň ýerine ýetiriji direktory Kristofor Wolker ýurtda bu ugurdaky ýagdaýlaryň köptaraplaýyn ýaramazlygy bilen düşündirýär.

“Resmi Türkmenistan hiç bir hili tankydy garaýyşlara, oppozisiýanyň sesiniň eşidilmegine, garaşsyz raýat jemgyýetleriniň bolmagyna ýol bermän gelýär. Raýatlaryň hereket azatlygynyň-da çäklendirilýändigini göz öňünde tutsak, bu görkezijiler bilelikde Türkmenistany iň bir ýaramaz görkezijili ýurtlaryň hatarynda saklaýar” diýip, Wolker ýagdaýa baha berdi.

1990-njy ýyllaryň başlarynda Sowet Soýuzy dargap, öz garaşsyzlygyna eýe bolaly bäri, Türkmenistan adam hukuklary we metbugat azatlygy meselesinde halkara guramalarynyň sanawynda kem-kem iň bir soňky orunlara geçdi.

Köp synçylar ýagdaýyň şeýle derejede ýaramazlaşmagynyň sebäbini ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň alyp baran awtoritar we öz-özüni kultlaşdyrmak syýasatynda görýärler.

Nyýazowyň ölüminiň yzy bilen, 2007-nji ýylyň başynda häkimiýet başyna gelen Gurbanguly Berdimuhamedow söz azatlygy we demokratiýa melesinde ýurduň ozalky lideriniň goýberen ýalňyşlyklaryna düşünen ýaly gürrüňler hem edipdi. Hususan-da, 2007-nji ýylyň iýulynda bu barada eden çykyşynda, ol bu ugurlarda “käbirleriniň edişi ýaly” howul-hara iş etmän, düýpli işleriň ediljekdigine söz beripdi.

Berdimuhamedow özüniň şol çykyşynda ýurduň teleýaýlymlarynda we gazet-žurnallarynda teletomaşaçylarydyr okyjylary gyzyklandyraýjak mazmunly zatlaryň berilmeýändigini-de boýun alyp, bu ýagdaýy berk tankytlapdy.

Gaýtalanýar...

Emma döwlet lideriniň eden bu çykyşyndan bäri dört ýyla golaý wagtyň geçendigine-de garamazdan, prezidentiň eden bu tankytlarynyň we beren wadalarynyň netijesiniň welin göze ilmeýändigi barada yzygiderli maglumatlar gelip gowuşýar.

Türkmenstanda bu ugurdaky ýagdaýlaryň gowulanmaýandygyny «Freedom House» guramasynyň şu hepde ýaýradan hasabaty-da görkezýär.

Lebaply graždan aktiwisti Rozybaý Jumamyradow hem ýurduň prezidentiniň metbugat azatlygy barada eden tankytlaryna we beren görkezmelerine garamazdan, ýagdaýyň şol öňküligine galýandygyny tassyklady.

Jumamyradow ozalky ýyllarda bolşy ýaly, ýurduň gazet-žurnallarynda we radio-telewideniesinde henizem bir şahsyýeti mahabatlandyrmak syýasatyndan el çekilmeýändigini, bu ýagdaýyň bolsa ýurduň raýatlaryny juda irizendigini aýdýar.

Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda beýle syýasatyň Türkmenistanyň içerki ösüşi üçinem, daşarky gatnaşyklary üçinem hiç bir hili bähbit getirmändigi barada indi köp gürrüňler edilip gelinýär, muňa bagyşlanylyp köp hasabatlar taýýarlanyldy, makalalardyr synlar ýazyldy.

Emma, muňa garamazdan, Türkmenistanyň häzirki häkimiýetleri bu köne ýalňyşlyklardan sapak almaga we ondan degerli netije çykarmaga howlukmaýan ýaly görünýär.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy, garaşsyz žurnalist Akmuhammet Welsapar habar serişdelerini Berdimuhamedowyň şahsyýet kultuna gulluk etdirtmek syýasatyndan el çekilmese, munuň ýene-de ýurduň içinde ählmiumumy boýun egijilige, daşarky dünýäde bolsa Berdimuhamedowyň abraýynyň mundan beýläk has-da pese düşmegine getirjekdigini aýtdy.

Welsapar bu ýagdaýdan oňyn çykalganyň halkyň sesine ýol bermekdedigini we ýerlerdäki bar bolan problemalary-da raýatlaryň pikirlerini diňläp, çözmekdedigini belledi.
XS
SM
MD
LG