Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow we Karimow halkara ýagdaýlar barada maslahat etdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Özbegistanyň prezident Yslam Kerimow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Özbegistanyň prezident Yslam Kerimow

5-6-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana resmi sapar etdi.

Daşkentdäki türkmen-özbek gepleşiklerinde iki ýurduň arasynda öňden gelýän ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi we geljekki planlar maslahat edildi. Prezidentler halkara ýagdaýlar barada hem pikir alyşdylar.

Özbegistana saparynyň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşi Yslam Karimow bilen dünýäde bolup geçýän wakalary maslahat etdi. Iki ýurduň döwlet baştutanlary dünýädäki wakalara öz garaýyşlaryny mälim etdiler.

Resmi maglumatlara görä, gepleşiklerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň ornaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdirler. Türkmenistan bu ugurdan BMG-niň howandarlygyndaky syýasy dialogy ýola goýmak üçin ýardam bermäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Prezidentler regionda ekstremistik ideologiýanyň ýaýramagyna we neşe, ýarag hem adam söwdasy bilen meşgullanýan jenaýatçylykly hereketleriň ýaýramagyna halkara derejesinde bildirilýän aladalanmalara goşulýandyklaryny bildirdiler.

Emma Daşketdäki gepleşiklerde, terrorçylyga garşy halkara göreşiň çäginde dünýä derejesinde tanymal terrorçy Osama bin Ladeniň öldürilmegi bilen bagly waka barada pikir alşylanlygy resmi maglumatlarda habar berilmedi.

Özbegistan we Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda halkara derejesinde uly ähmiýet berilýän syýasy wakalar barada dymmak syýasatyny iň berk ýerine ýetirip gelýän ýurtlar bolup durýar.

Osama bin Ladeniň öldürilmegi baradaky tema Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde hem gozgalmaýar. Bu waka barada Özbegistan hem dymýar.

Näme üçin dymylýar?

Syýasy bilermen, Orsýetiň “Umumy taryh institutynyň” Merkezi Aziýa, Kawkaz we Balkanlar boýunça bölüminiň müdiri Artýom Ulunýan munuň sebäbini ýurtlaryň durnuksyzlyk bilen bagly islendik ýagdaýlardan çetde durmak islegi bilen baglanyşdyrýar.

Emma Ulunýanyň pikirine görä, Türkmenistan bilen Özbegistanyň häzirki dymyşlygyna Bin Ladeniň ölümi bilen bagly ýagdaýyň çylşyrymlylygynyň öz täsirini ýetiren bolmagy-da ähtimal.

“Olaryň hiç birisi häzir bu waka barada dil ýarmak islemeýär. Sebäbi operasiýanyň özi-de çylşyrymly boldy, onuň ýetirip biljek täsiri-de kesgitsiz görünýär. Bu ýagdaý, oňa dünýäde berilýän bahalara-da öz täsirini ýetirdi” diýip, Ulunýan aýdýar.

Dünýä derejesinde iň tanymal terrorçy Bin Ladeniň öldürilmegi, bir tarapdan, köpçülik tarapyndan goldandy. Emma bu waka terrorçylykly hereketleri gowşatmaga näderejede ukyply diýen sowala gezek gelende gapma-garşy garaýyşlar peýda boldy.

Türkmenistan we Özbegistan halkara terroçylygyna garşy göreş boýunça ikitaraplaýyn regional we halkara dokumentlerine gol çeken döwletlerdir. Hususan-da, bu ýurtlaryň 2004-nji ýylyň noýabr aýynda Buharada gol çeken dostluk, ynamy berkitmek we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ylalaşygynda terroçylyga garşy durmakda taraplaryň özara tagalla etmegi we halkara tagallalara ýardam bermegi göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG