Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafiniň şepagat uýasy gaçybatalga soraýar


Şu gün Norwegiýanyň polisiýasy Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafä hyzmat eden ukrainaly şepagat uýasynyň ýakynda Norwegiýa baryp, ýurduň häkimiýetlerinden syýasy gaçybatalga sorandygyny mälim etdi.

Geçen ýyl «WikiLeaks» internet saýtynyň amerikan diplomatik hatlaryna salgylanyp ýaýradan maglumatynda ukrainaly şepagat uýasy Galina Kolotnytskanyň Muammar Kaddafä ýakyndan hyzmat edip, onuň resmi saparlaryna-da gatnaşýandygy barada habar berlipdi.

Galina Kolotnytska şu ýylyň fewralynda Liwiýada syýasy durnuklylygyň ýaramazlaşmagy sebäpli bu ýurdy terk edipdi.
XS
SM
MD
LG