Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow raýatlary Ýeňiş baýramy bilen gutlady


Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň uruş weteranlaryny we ähli raýatlaryny Beýik Ýeňşiň 66 ýyllyk baýramy bilen gutlap, olara gutlag ýüzlenmesi bilen ýüzlendi.

Öz gutlagynda ol bu ýeňiş baýramçylygynyň türkmenistanlylar üçin uly ähmiýetini nygtap, uruş we zähmet weteranlarynyň gahrymançylykly ýolunyň watançylygyň, dogduk topraga bolan wepalylygyň hem-de Watana, halka we bütin adamzada hyzmat etmekligiň hakyky mekdebi bolup durýandygyny belläpdir.

Türkmenistanda düýn we şu gün Ikinji Jahan urşunda gazanylan ýeňşin ýyl dönüminiň hormatyna bagyşlanylyp uruş we zähmet weteranlaryna sowgat gowşuryş dabaralary hem-de dürli hili baýramçylyk çäreleri gurnaldy.
XS
SM
MD
LG