Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür çaknyşyklardan soň «demir ýumruk» duýduryşyny berdi


Müsürde ýerli hristianlar bilen musulmanlaryň arasynda ýüz beren çaknyşyklaryň yzy bilen, şu gün Müsüriň adalat ministri ýurduň durnuklylygyna howp abandyrjak islendik bir adama garşy häkimiýetleriň «demir ýumruk» bilen çäre görjekdigini aýdyp, çykyş etdi.

Hepdäniň şenbe güni Kair şäherinde ýerli musulmanlar bilen hristianlaryň arasynda ýüze çykan çaknyşyklarda 12 adam ölüp, 180-den gowrak adam ýaralandy.

Ýurduň häkimiýetleri bu wakalar bilen baglanyşykly 190 adamyň tussag edilendigini mälim etdiler.

Habar serişdeleriniň maglumatyna görä, bu çaknyşyklar hepdäniň şenbe güni yslam dinini kabul eden ozalky bir hristian aýalynyň hristianlaryň kelisesinden çykarylman zor bilen saklanýandygy barada aşa konserwatiw salafaçylar toparynyň maglumat ýaýratmagynyň yzy bilen ýüze çykypdyr.
XS
SM
MD
LG