Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Misuratada Kaddafi güýçleri bilen gozgalaňçylar çaknyşýar


Şu gün Liwiýanyň Misurata şäherindäki aeroportuň töwereklerinde Muammar Kaddafä ygrarly güýçler bilen hökümete garşy gozgalaňçylaryň arasynda güýçli atyşyklaryň barýandygy barada maglumat alyndy.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, NATO-nyň harby uçarlary Tripoliniň golaýyndaky Zintan şäherinde hökümete degişli ýarag ammarlaryny bombalap başladylar.

Şu gün hem «Al-Jazeera» telekanaly ýerli çeşmelere salgylanmak bilen, Liwiýadaky hökümete garşy gozgalaňçylaryň Misurata şäheriniň golaýyndaky Zareet atly bir obany öz kontrollyklaryna alandyklaryny habar berdi.
XS
SM
MD
LG