Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň aňtaw gulluklarynyň ýüzi gyzardy


Pakistanyň howpsuzlyk işgärleri “Al-Kaýda” terror toparynyň lideri Osama bin Ladeniň gizlenen jaýynyň ýanynda, Abbottabat, 2011-nji ýylyň 4-nji maýy.
Pakistanyň howpsuzlyk işgärleri “Al-Kaýda” terror toparynyň lideri Osama bin Ladeniň gizlenen jaýynyň ýanynda, Abbottabat, 2011-nji ýylyň 4-nji maýy.

Osama bin Ladeniň Pakistanda amerikan güýçleri tarapyndan öldürilmegi bilen bagly waka Pakistanyň aňtaw gulluklarynyň ýüzüni gyzartdy.

Pakistanyň howpsuzlyk gulluklary bu ýurduň territoriýasynda dünýäde iň bir howply jenaýatçy hökmünde aňtalýan adamy tapmagy başarmandyklary bilen baglanyşykly öz utançlaryny boýun almaly boldular. Beýleki tarapdan bolsa, bu wakanyň yzy bilen Pakistanyň hökümeti ekstremizme garşy global göreşe Pakistanyň saldamly goşant goşýandygyny ynandyrmaga çalyşdy.

Bu wakadan soň indi köp synçylar ýakyn geljekde Pakistanyň terrorizme garşy göreş meselesinde ýöretjek strategiýasyna ünsli syn ederler. Hususan-da, synçylary indi Pakistan jyhadçylara garşy hakykatdanam netijeli çäreleri görermi ýa-da ol ýene-de, ozalkylary ýaly, bir tarapdan Waşington bilen hyzmatdaşlyk edýän ýaly hereket edip, beýleki tarapdanam bu ýurtda jyhadçylaryň erkin hereket etmeklerine ýol berermi diýen sorag gyzyklandyrýar.

Häzirki wagtda Pakistanyň harbylarynyň öňünde Waşington hem-de Günbatar bilen hyzmatdaşlygy geljekde nähili ýola goýmaly diýen sorag örän möhüm bolup durýar. Ýurduň harby liderleriniň bu meselede etjek hereketleri-de bu sowalyň jogabyny kesgitlese gerek.

Pakistanyň ozalky harby generaly, tanymyl analitik Talat Masud Osama bin Ladeniň Pakistanyň territoriýasyndan tapylmagynyň ýurduň hökümetiniň ekstremizme garşy göreşdäki gapma-garşylykly pozisiýasyny hasam açyk ýüze çykarandygyny aýdýar. Ol hökümetiň bu ugurdaky gapma-garşylykly pozisiýasynyň ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň ”Al-Kaýda” we beýleki ekstremistik toparlara garşy alyp barýan göreşiniň ähmiýetini puja çykarjakdygyny öňe sürýär.

«Indi Pakistana ähli soweşjeň toparlara garşy berk durmakdan hem-de mumkin boldugyça adamlaryň ynamyna girmek üçin açyk syýasat alyp barmakdan başga ýol galmady. Ýogsam bolmasa-da, bütin dunýäden özüňi üzňeleşdirmeli bolar. Meniň pikirimçe, indi başga ýol ýok» diýip, analitik Masud belledi.

“El çekmez”

On ýyla golaý mundan ozal, 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr hüjüminiň yz ýany hem Yslabamabat şuňa meňzeş ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Şonda Pakistanyň şol wagtky harby diktatory general Perwez Muşarraf daşyndan göräýmäge Günbataryň tarapynda durup çykyş edipdi. Emma, beýleki tarapdan, onuň ýolbaşçylyk eden döwründe ýurtda radikal yslamçylaryň sany görnetin artdy. Hut şol döwürde-de köp synçylar ony ikiýüzli syýasat alyp barýar we iki tarapyň-da göwnüni tapjak bolýar diýip tankytladylar.

Pakistanly fizika boýunça ozalky professor we belli parahatçylyk aktiwisti Abdul Hamid Naýýar harbylaryň güýçli täsiri duýulýan Pakistanda hökümet jyhadçylary özboluşly bir gural hökmünde ulanmak tendensiýasyndan el çekmez diýip hasaplaýar.

Ol: «Hökümetiň ýurtda “Al-Kaýda” degişli köp agentleri bar. Olar bolsa öz gezeginde Birleşen Ştatlar tarapyndan gözlenilýän adamlar. Mysal üçin, Pakistan “Hakkany” we “Taliban” toparyny özboluşly bir gural hökmünde ulanýar. Pakistan olary hiç kime satmak islemeýär. Ol olary ahyrky netijede Owganystana garşy öz göreşinde ýeňiş gazanmak üçin ulanmak isleýär. Pakistan “Laşker-i Taýba” toparyny-da gural hökmünde saklaýar. Bu guramany Pakistan zerur bolan halatynda Hindistandaky ýagdaýlary bulaşdyrmak üçin ulanyp biljek. Meniň pikirimçe, hut şu ýagdaýlar hem Pakistanyň hereketiniň düýp mazmunyny kesgitleýär» diýip belledi.

Ýöne soňky günler Pakistanyň hökümet resmileri şeýle garaýyşlary ýalana çykarmak üçin belli bir derejede jan etdiler. Hususan-da, Pakistanyň aňtaw agentliginiň resmileri, şeýle-de daşary işler ministri Salman Başir we prezidenti Asif Ali Zardari dagylar öz çykyşlarynda halkara jemgyýetçiligini Pakistanyň global terrorizme garşy çynlakaý göreş alyp barýandygyna ynandyrmaga çalyşdylar.
XS
SM
MD
LG