Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa BMG-niň gözegçiligine böwet bolýar


Siriýa Deraa şäheriniň ýagdaýyna Birleşen Milletler Guramasynyň gözegçilik etmegine böwet bolýar.

BMG Deraanyň we protest geçirilýän beýleki şäherleriň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin öz toparlaryny bu ýerlere ugratmagy göz öňünde tutýar.

BMG-iň metbugat wekili Farhan Hagyň aýtmagyna görä, bu böwetler bilen baglylykda prezident Başar al-Assadyň hökümetinden düşündirişe garaşylýar.

Mundan öň berlen maglumata görä, geçen hepde prezident Başar al-Assad şeýle gözegçilik işleriniň geçirilmegine öz razyçylygyny beripdir.

Mart aýynda Siriýada hökümete garşy protestler başlanaly bäri parahat ilatdan azyndan 800 adamyň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG