Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Liwiýanyň raýatlary Müsüre wizasyz baryp biler


Müsüriň hökümeti ýurda girmek üçin Liwiýanyň raýatlaryna mundan beýläk wizanyň gerek däldigi barada karar çykardy.

Müsüriň Liwiýadaky ilçisi Mohammed Abdel Hakamyň aýtmagyna görä, bu karar Kair tarapyndan edilen “adamçylyk yşaraty” bolupdyr.

Liwiýada tolgunyşyklaryň dowam etmegi sebäpli, ýurt içindäki raýatlaryň ilçihanalara we konsullyklara barmak boýunça kynçylyklara duçar bolýandyklaryny hem Abdel Hakam sözüne goşdy.

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň berýän maglumatyna görä, Liwiýadan Müsüre 260,000 töweregi adam, şol sanda daşary ýurtlylar hem geçipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG