Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet “Transowgan” proýektinden näme gözleýär?


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (çepde) bilen “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Miller Sankt-Peterburgda geçirilen ykdysady forumda, 2010-njy ýylyň 20-nji iýuny.
Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (çepde) bilen “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Miller Sankt-Peterburgda geçirilen ykdysady forumda, 2010-njy ýylyň 20-nji iýuny.
Orsýetiň gaz monopoly “Gazprom” kompaniýasynyň “Transowgan” gaz proýektine goşulmagy mümkin. Bu habar Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardariniň geçen hepde Moskwada ors kärdeşi Dmitriý Medwedew bilen geçiren duşuşygyndan soň ýaýradylan beýanatda öňe sürüldi.

Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari geçen hepde Moskwada rus kärdeşi Dmitriý Medwedew bilen duşuşdy,
Beýanatda “Gazpromyň” nähili manyda bu proýekte goşulmak isleýänligi we onuň proýektiň geljegine, ýagny onuň amala aşyrylmagyna nähili pozitiw täsirini ýetirjekdigi hakda o diýen köp maglumat berilmeýär.

Kanadanyň Karlton Uniwersitetiniň Ýewropa we Ýewraziýa boýunça departamentiniň professory Robert Kutleriň aýtmagyna görä, “Gazpromyň” bu proýekte goşulmak isleginiň ençeme sebäbi bar: “Orsýet bir gezek Hindistana ýüzlenip, biz hem bu proýekti gaz bilen üpjün edip bileris diýipdi. Haçanda TOPH baradaky bu diskussiýalar möwjäp başlanda, Orsýet bu proýekte goşulmak islegini beýan edip başlady”.

Uzynlygy 1,680 kilometr boljakdygy aýdylýan TOPH proýekti Türkmenistanyň Döwletabat gaz ýataklaryndan başlanyp, türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we ondan soňra-da Hindistana akdyrar. Proýektiň deslapky taslamasyna görä, bu gazgeçirijiden her ýyl 27 milliard kubometr töweregi gaz akdyrylar. Gaz turbadan doly güýjünde akyp başlansoň, onuň ýarsynyň Pakistana we galanynyň-da Hindistana akdyrylmagyna garaşylýar.

Ýöne onlarça ýyldan bäri bu plan hakda gepleşikleriň geçirilýändigine garamazdan, bu ugurda gol goýlan käbir ylalaşyklar bolaýmasa, henize çenli iş ýüzünde gazanylan o diýen takyk üstünlik göze ilenok. Onuň bir sebäbi Owganystanyň howpsuzlyk ýagdaýlary bolsa, beýleki sebäbi – Hindistan bilen Pakistanyň arasynda dowam edýän ynamsyzlykdyr. Şeýle-de bu proýekte maýa goýujylary çekmek işi hem henize çenli soraglygyna galýar.

Aşgabat islänok

Käbir habarlardan çen tutulsa, Orsýetiň bu proýekte aralaşmagyny Türkmenistan o diýen oňlap baranok. 2010-njy ýylyň oktiýabrynda Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Igor Seçiniň ”Gazprom” bilen Türkmenistan Orsýetiň ”Transowgan” gaz proýektine goşulmagy boýunça ylalaşyk gazandylar diýen habaryny Aşgabat ret edipdi.

Aşgabadyň beýle pikire garşy çykmagynyň sebäpleri barada anyk maglumat berilmeýär, emma bu pozisiýa öz nobatynda Orsýetiň bu proýekte goşulmagyna Türkmenistanyň razy däldigini aňladýar.

Kanadaly professor Kutler, umuman aýdylanda, soňky döwürlerde Orsýet bilen Türkmenistanyň arasynda dartgynlygyň dowam edýänligini we munuň dürli sebäpleriniň bardygyny aýdýar. Şeýle-de, synçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenistan öz gaz eksportyny köp ugurly etmek barada alyp barýan tagallalarynda mümkin boldygyndan Orsýetiň territoriýasyndan sowa geçýän proýektlere ähmiýet berip gelýär.

Türkmenistanyň Orsýetiň TOPH proýektinde uly ornunyň bolmagyny islemezligi Aşgabadyň Moskwanyň monopol agalygynyň astyna düşmekden heder etmegi bilen bagly bolup biler diýip, synçylar aýdýarlar.

Kanadaly professor Kutleriň aýtmagyna görä, “Gazprom” bu proýekte goşulan halatynda hem Moskwanyň Türkmenistana ýetirjek täsiri o diýen güýçli bolmaz: “Meniň pikirimçe, Orsýetiň nukdaýnazaryndan garanyňda, onuň bu proýekte goşulmaga synanyşmagynyň maksady geosyýasy gazanç bilen bir hatarda onuň ykdysady taýdan Moskwa bähbitli bolmagydyr”.

Orsýetiň bu proýekte goşulmak isleginiň aňyrsyndaky sebäpler syýasymy ýa-da ykdysady, bu häzirlikçe anyk däl. Häzirki döwürde Orsýetiň bu proýekte goşulmagyna rugsat edilip-edilmejeginiň özi hem soragly. Şol bir wagtda “Transowgan” gaz proýektiniň başa baryp-barmajagy-da, eger bu planyň gurluşygy başlansa, onda onuň haçan tamamlanjagy-da sorag astynda.
XS
SM
MD
LG