Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkeziýa Aziýada harytlaryň gymmatlamagyna garaşylýar


Orsýet Täjigistana satýan nebiti üçin tölegleri 5%-den gowrak galdyrandan soň, ýurtda azyk harytlarynyň bahalary ýokarlandy.
Orsýet Täjigistana satýan nebiti üçin tölegleri 5%-den gowrak galdyrandan soň, ýurtda azyk harytlarynyň bahalary ýokarlandy.

Sişenbe güni Waşingtondan Halkara walýuta fondy regional ykdysady çaklamalar boýunça alty aýda bir gezek ýaýradýan hasabatyny halk köpçüligine hödürledi.

HWF-niň Merkezi Aziýada we Kawkazda ýerleşýän ýurtlary öz içine alýan hasabatynda 2010-njy ýylda regionyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 6,5% bolanlygy, emma 2011-nji ýylda onuň 5,25%-e barabar bolmagyna garaşylýanlygy aýdylýar.

Halkara walýuta fondunyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Deýwid Owen şol hasabat boýunça 17-nji maýda Waşingtonda geçirilen ýygnakda eden çykyşynda geçen ýyl bilen deňeşdirilende bu yza gaýdyşlygyň harytlaryň bahalarynyň gymmatlamagyna getirmegine garaşylýanlygyny aýtdy.

Owen öz çykyşynda Ýakyn Gündogarda dowam edýän dartgynlylyk sebäpli nebitiň bahasynyň ýokarlanmagynyň hem harytlaryň bahasyna negatiw täsirini ýetirýänligini belläp, regionda ýerleşýän käbir ýurtlarda azyk harytlarynyň bahasynyň aşa ýokarlananlygyny aýtdy.

Inflýasiýa

Oweniň aýtmagyna görä, harytlaryň bahasynyň ýokarlanmagy inflýasiýanyň hem galmagyna sebäp bolýar. Inflýasiýa Gyrgyzystanda 20%-e ýetip, bu tutuş region göz öňünde tutulanda, 11%-e barabardyr.

Merkezi Aziýada azyk harytlary jemi harydyň uly bölegini emele getirýär, onsoň bu ýagdaýa wagtynda çözgüt tapylmasa, onuň ähli pudaklara negatiw täsir ýetirmegi mümkin.

Owen regionyň käbir ýurtlarynyň bu ýagdaýyň çözgüdi hökmünde hödürleýän çäreleri hakda gürrüň edip, “oňa pensiýalary we aýlyklary köpeltmek arkaly çäre görmäge synanyşýanlar bar, emma şeýle çäreler diňe administratiw ädim bolup, ol bütin ilaty öz içine almaýar” diýdi.

HWF-niň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň ýolbaşçysynyň orunbasary şeýle çäräniň aşa köp serişde talap edýänligini, ýöne onuň barybir kömege iň mätäç gatlagyň ýagdaýynyň gowulaşmagyna täsir etmeýändigini aýdyp, köp halatlarda hakyky kömege mätäç adamlaryň hökümet işgärleri däldigini belledi.

Reforma geçirmek teklip edilýär

Owen sözüni dowam etdirip, ýakyn möhletde merkezi banklaryň gözegçiligini artdyryp, kömege mätäç gatlagyň kesgitlenmeginiň we şoňa görä aýratyn çözgüt gözlemegiň zerurdygyny hem belledi. Onuň aýtmagyna görä, ösüşiň uzak möhletde dowam etdirilmegi üçin ykdysady krizisden öňki ýagdaýa göz gezdirilip, bu ugurda gerekli reformalaryň amala aşyrylmagy zerur.

“Adatça krizisden öň ösüşe badalga berýän pudaklar daşary ýurtlardan işçi immigrantlaryň iberýän serişdeleri, nebitden gelýän girdeji we daşary ýurtlardan gelen göni maýa. Şol serişdeler gelip dursa, elbetde, gowy zat, emma olar durnukly ösüş boýunça bil baglanmaly zatlar däl” diýip, Halkara walýuta fondunyň wekili belledi.

Owen ýurtda ösüşiň kadaly ýagdaýda alnyp barylmagy üçin şert döredilmeli, ol şertiň döredilmegi üçin bolsa käbir pudaklarda reformalary geçirmek zerur diýip, öz sözüni şeýle dowam etdi: “Umuman aýdylanda, ilkinji nobatda ýurtda biznes etmek üçin amatly şertleriň döredilmegine we serhetaşyr söwda etmek düzgünleriniň aňsatlaşdyrylmagyna zerurlyk bar. Bu ugurda regionda ýerleşýän käbir ýurtlarda ösüş göze ilýän hem bolsa, umuman aýdylanda, edilmeli iş juda köp”.

Halkara walýuta fondunyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Owen ädilmeli beýleki käbir ädimler hakda hem gürrüň edip, agzalan ýurtlarda kanunyň agalygyny, syýasy durnuklylygy, hökümetiň täsirliligini artdyrmagyň, şeýle hem döwlet institutlarynyň güýçlendirilmeginiň zerurdygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG