Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama “Arap baharyna” görä hereket etmäge synanyşýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama öz ýurdunyň ep-esli üýtgän Ýakyn Gündogar boýunça resmi syýasatyny yglan eder.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama öz ýurdunyň ep-esli üýtgän Ýakyn Gündogar boýunça resmi syýasatyny yglan eder.

“Arap bahary” diýip atlandyrylan wakalar başlanaly bäri bäş aý geçdi. 19-njy maýda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama öz ýurdunyň ep-esli üýtgän Ýakyn Gündogar boýunça resmi syýasatyny yglan eder. Döwlet departamentinde ediljek bu çykyş ABŞ-nyň arap döwletlerindäki öwrülişiklere garaýşynyň kesgitsizligini ýazgaryp seslenýän tankytlara gabat geldi.


2009-njy ýylyň ýanwar aýynda, şol döwürde täze saýlanan prezident Barak Obama çykyş edip, pragmatik pozisiýa esaslanan daşary syýasaty öňe sürüpdi. Tutuş dünýä boýunça milliardlarça adamyň öňünde telewideniýe arkaly eden şol çykyşynda Obama dostlukly bolmadyk syýasaty alyp barýan hökümetlere gol uzatmagy teklip edipdi.

Öňki prezident Jorj Buşuň döwründe başladylan Yrakdaky we Owganystandaky uruşlar hem-de Eýran bilen barha güýçlenýän gapma-garşylyklar bilen bagly kynçylyklardan soň Obamanyň bu çykyşy Amerikanyň Ýakyn Gündogar babatyndaky syýasatynda dem almak üçin bir pursat döredipdi.

Emma şol döwürden tapawutlylykda şu sapar Birleşen Ştatlara dünýäniň iň wajyp künjekleriniň birinde emele gelen syýasy öwrülişiklere öz garaýyşlaryny mälim etmek üçin bäş aý gerek boldy.

Haýsy meseleler gozgalar?

Birleşen Ştatlaryň arap döwletlerine garaýyşlarynyň ozalkysyndan näderejede tapawutlanýanlygy Barak Obamanyň 19-njy maýda Döwlet departamentinde edýän çykyşyndan soň belli bolar.

Ak Tamdan gowşan käbir maglumatlarda ABŞ-nyň Müsüri, Tunisi we demokratik özgerişlikleri başdan geçirýän beýleki ýurtlary goldamak üçin milliardlarça dollarlyk kömek bermekçidigi aýdylýar.

ABŞ-nyň administrasiýasynyň resmileriniň biri, 1989-njy ýylda kommunizm dargansoň, Merkezi we Gündogar Ýewropa döwletleriniň tejribelerini mysal hökmünde getirdi we demokratik özgerişlikler üçin ykdysady reformalaryň ähmiýetini nygtady.

Obamanyň çykyşynda arap-ysraýyl parahatçylyk prosesine bat bermek meselesiniň hem gozgalmagyna garaşylýar.

Prezidentiň administrasiýasy bu çykyş üçin belli bir taslamanyň öňünden düzülmänligini belledi. Emma şol bir wagtyň özünde-de ol Obamanyň “demokratik ymtylmalary” edýän regionlara “takyk idealary” teklip etmekçidigini habar berdi.

Ak Tamyň resmi wekili Jeý Karneý Obamanyň zorlukdan saklanmak, ynsan hukuklaryny goramak, syýasy we ykdysady reformalar ýaly gymmatlyklara esaslanýan pozitiw özgerişlikleri goldamagyň usullary barada çykyş etjekdigini aýtdy.

Tankytlaryň güýçlenen wagty

Amerikan prezidentiniň etjek bu çykyşy ABŞ-nyň adyna edilýän tankytlaryň güýçlenen wagtyna gabat geldi. ABŞ Ýakyn Gündogardaky we Demirgazyk Afrikadaky öwrülişikler babatyndaky pozisiýasynyň kesgitsizligi we gapma-garşylyklydygy üçin ýazgarylýar.

Käbir analitikler, hususan-da Hillary Klintonyň Siriýanyň prezidentini “reformator” diýip atlandyrmagynyň Başar al-Assadyň režiminiň gandöküşiklige baş goşmagyna ahlak taýdan ýol açanlygyny belleýärler.

Londonda ýerleşýän “Chatam House” analiz merkeziniň bilermeni Nadim Şehadiniň sözlerine görä, Obamanyň administrasiýasy awtoritar hökümetler bilen gatnaşyga taýýarlygyny yglan edip, öz syýastynyň gabawyna düşdi. Obamanyň prezidentliginiň başynda köpler tarapyndan makullanan şol syýasat indi azatlygy we demokratiýany talap edýän syýasy çykyşlara ters gelýär.

Şehadi ABŞ-nyň prezidenti ýaly şahsyň ýa-da hatda Ýewropa Bileleşigi ýaly guramanyň ýaýdanmaga ýa bitarap bolmaga haky ýok diýip, hasap edýär. Bilermeniň pikirine görä, Siriýadaky wakalar ýaly ýagdaýlar babatynda dymmaklyk režimler tarapyndan özlerine goldaw hökmünde kabul edilýär.

Birleşen Ştatlar 18-nji maýdan Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada garşy sanksiýalaryň girizilenligini yglan etdi. Şol sanksiýalar Al-Assadyň maliýe serişdeleriniň doňdurylmagyny öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG