Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowanyň daşary işler ministri Azatlyk Radiosynda boldy


Moldowanyň daşary işler ministri Ýuriý Lýanke
Moldowanyň daşary işler ministri Ýuriý Lýanke

Moldowanyň daşary işler ministri Ýuriý Lýanke sişenbe güni Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Pragadaky baş edarasynda myhmançylykda boldy. Azatlyk Radiosy onuň bilen söhbetdeş boldy.


Moldowanyň baş diplomaty bilen söhbet
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:18 0:00
Wideo: Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň Moldowanyň daşary işler ministri Ýuriý Lýanke bilen geçiren aýry söhbetdeşliginden bölek.

Azatlyk Radiosy: Moldowadaky häzirki dolandyryjy koalisiýa, umuman, Kommunistik partiýa garşy çykyp, şeýle birligi düzdi. Häzir onuň işleýşi nähili?

Ýuriý Lýanke: Häkimiýetde koalisiýanyň bolmagy jemgyýetde belli bir kämilligiň alamatydyr. Ýöne, meniň bilşime görä, koalisiýa ýa-da koalisiýanyň işini gurnamak hiç haçan aňsat bolmandy. Çehiýa respublikasynda hem üç partiýadan ybarat hökümet koalisiýasy bar. Meniň pikirimçe, bu gaty bir aňsat bileleşik bolmasa gerek. Olaryň öz kynçylyklary bar. Men şol kynçylyklaryň Moldowanyň koalisiýasy bilen deňeşdirilende uludygyny ýa-da kiçidigini bilemok. Ýöne beýle kynçylyk ähli ýerde-de bar.

Häzir Moldowanyň koalisiýasy üçin ilkinji möhüm iş - kommunizme garşy çykmak bolup biler. Ýöne, meniň pikirimçe, bu başga bir zady goldamak üçin hem zerur koalisiýa. Iň esasy maksat - Moldowany döwrebaplaşdyrmak. Bu ýöne ýerden “Ýewropa integrirlenmek koalisiýasy” diýlip atlandyrylmady.

Azatlyk Radiosy: Siz Moldowanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklaryna nähili baha berýäňiz?

Ýuriý Lýanke: Haçanda bir wagt biziň ählimiz Sowet Soýuzynyň düzüminde bolanymyzda, biz umumy taryhy şertde ýaşadyk. Biziň şol döwürlerde juda oňat özara gatnaşyklarymyz, şol sanda adamlaryň arasyndaky şahsy gatnaşyklarymyz hem bardy. Biz degişlilikdäki özara medeniýetleri azda-kände bilýärdik. Häzirki ýagdaýda bu gatnaşyklaryň köp derejede ýitirilendigini boýun almalydyrys. Munuň sebäbi biziň aramyzyň uzak bolmagy, biziň birek-birekden tapawutly geosyýasy zonalarda ýaşamagymyz.

Biziň daşary syýasatymyzda bu döwletlere uly ähmiýet berilýär. Bu diňe bir Türkmenistanda ummasyz möçberde gaz zapaslarynyň bolany üçin däl. Häzir “Nabukko” proýekti barada gürrüň edilýär. Men munuň arzuw-hyýaldan iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini isleýärin, şeýle-de biz Türkmenistandan we Azerbaýjandan gaz satyn alyp başlarys diýip, umyt edýärin.

Mundan başga-da, biz öz aramyzda ozal bolan ynsanperwerlik gatnaşyklaryna hem ýokary baha berýäris. Biz bu gatnaşyklary ösdürmek üçin käbir şertleri öňünden döretmek isleýäris. Ýöne käbir jemgyýetleriň ýapyklygy ýa-da has ýapyk bolmagy ony amala aşyrmakda belli bir kynçylyklary döredýär.

Ýöne, her niçigem bolsa, biz GDA-nyň düzümine girýäris. GDA bolsa iň pesinden premýer-ministrler, ministrler derejesinde duşuşyk geçirip, birek-birek bilen adaty ýagdaýda, naharyň başynda gürrüň etmäge mümkinçilik berýär. Bu örän uly üstünlikdir.

Azatlyk Radiosy: Azatlyk Radiosynyň Pragadaky edarasyna gelendigiňiz üçin, size gaty minnetdar.

Ýuriý Lýanke: Men siz mundan beýläk-de öz işleriňizi dowam etdirersiňiz diýip, umyt edýärin. Biz siziň edýän kömegiňizden, ýagny siziň wakalary adalatly we obýektiw görnüşde köpçülige ýetirmegiňizden mundan beýläk-de peýdalanyp biljekdigimize ynanýarys. Moldowa jemgyýeti üçin entegem bu zerur.
XS
SM
MD
LG