Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakdaky aýry-aýry hüjümlerde azyndan 7 adam öldi


Şenbe güni Yragyň demirgazygynda amala aşyrylan aýry-aýry hüjümlerde azyndan 7 adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.

Ýerli polisiýanyň maglumatyna görä, wakalardan birinde ýurduň Kirkuk şäherinde ýol gyrasynda goýlan bombanyň partlamagy netijesinde iki esger ölüpdir.

Ýene bir wakada şol Kirkuk şäherinde näbelli hüjümçiler bir ýerli polisiýa işgäriniň öýüne hüjüm edip, onuň özüni we agasyny öldüripdirler.

Iki gün mundan ozal Kirkuk şäherinde amala aşyrylan üç sany bomba partlamasynda 29 adam ölüp, 90 töweregi adam hem ýaralanypdy. Şol ölenlerden 26-sy ýerli polisiýa işgäri.
XS
SM
MD
LG