Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen parlamenti prezident saýlawlary hakyndaky täze kanunlary kabul etdi


Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa (sagda) we beýleki deputatlar prezidentiň geçiren duşuşygynda, Aşgabat, 2011-nji ýylyň 20-nji ýanwary.
Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa (sagda) we beýleki deputatlar prezidentiň geçiren duşuşygynda, Aşgabat, 2011-nji ýylyň 20-nji ýanwary.
Şenbe güni Türkmenistanyň resmi internet metbugaty ýurduň parlamentinde “Türkmenistanyň prezidenti”, “Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary”, şeýle hem “Saýlawlary we sala salyşlyklary geçirmek baradaky Türkmenistanyň Merkezi komissiýasy” hakyndaky täze kanunlaryň kabul edilendigini habar berdi.

Käbir hukuk bilermenleri öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda kabul edilen “Türkmenistanyň prezidenti”, “Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary”, şeýle hem “Saýlawlary we sala salyşlyklary geçirmek baradaky Türkmenistanyň Merkezi komissiýasy” hakyndaky kanunlar ýaly hukuk namalarynyň, hakykatdanam, bireýýäm öz möwritini ötüren kanunlardygyny aýdýarlar.

Täze kanunlar saýlawlaryň açyk we adalatly geçirilmegine ýardam berermi?
Emma, muňa garamazdan, geçen hepdäniň şenbe gününe çenli bu kanunlar Türkmenistanda köne görnüşinde öz ozalky güýjüni saklap geldi. Mysal üçin, “Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary” baradaky kanunda şu günki güne çenli prezidentlige kandidatlar ýurduň ozalky ýokary häkimiýet organy bolan Halk Maslahaty tarapyndan tassyklanylmaly diýlen düzgün saklanylyp gelindi. Halk Maslahatynyň ýokary häkimiýet organy hökmündäki rolunyň ýatyrylanyna bolsa indi birnäçe ýyl boldy.

Şular ýaly könelen we biri-birine çapraz gelýän kanunçylyk düzgünleri başga-da az däl.

Hukuk meselelerini öwreniji žurnalist we ýazyjy Ak-Muhammet Welsapar “Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary” baradaky ozalky dowam edip gelen kanunda prezidentiň 5 ýyl möhlete saýlanýandygy görkezilip, onuň näçe gezek gaýtadan saýlanyp bilinýändiginiň görkezilmezligini hem kanunçylykdaky çaprazlyklardan biri diýip hasaplaýar.

“Bu mesele ozalky kanunlarda asla aýdyňlaşdyrylmadyk. Eger täze kanunda-da prezidentiň näçe gezek prezidentlik wezipesine saýlanyp bilinýändigi görkezilmedik bolsa, häzirki prezidentiň öz gol çeken Konstitusiýasy esasynda ol 5 ýyldan soň wezipesinden gitmeli” diýip, ol öz garaýşyny mälim etdi.

Häkimiýet bir adama garaşly

“Türkmenistanyň prezidenti” baradaky kanun hem indi köp wagtdan bäri hukuk goraýjy guramalaryň we aktiwistleriň alada bildirýän kanunlaryndan biri bolup gelipdi. Çünki ozalky dowam edip gelen kanun Türkmenistanyň prezidentine dünýä praktikasynda seýrek duş gelýän örän köp ygtyýarlyklary berýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň prezidentiniň ýurduň harby güýçleriniň baş serkerdebaşysy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň başlygy, Ministrler Kabinetiniň ýolbaşçysy ýaly birgiden ygtyýarlyklara eýelik edýändigini görkezmek bolar.

Mundan daşgary, ýurduň ähli kazylaryny we prokurorlaryny-da wezipä belleýän we wezipeden boşadýan hem prezidentiň özi. Ýazyjy Welsapar prezidentiň bu ygtyýarlyklarynyň ýurtda diktatoryň kanun esasynda döremegine şert döredýändigini aýdýar.

Welsapar aýratynam demokratik ýurtlarda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşine meňzeş organyň ýokdugyny we prezidentiň garamagynda şular ýaly ýokary organyň bolmagynyň ýurduň demokratik ösüşine ýardam edip bilmejekdigini öňe sürdi.

Hepdäniň şenbe güni türkmen parlamentiniň bu gürrüňi edilýän kanunlaryň täze görnüşini kabul etmegi ozalky bar bolan düzgünlere näderejede uly özgerişlik girizdikä? Bu mesele heniz anyk däl. Çünki Türkmenistanyň gazet-žurnallarynda bu kanunlar barada henizem maglumat berilmeýändigi aýdylýar.

Türkmenistanly publisist-ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şenbe gününden bäri ýurduň döwürleýin neşirlerinde Mejlisiň şeýle kanunlary kabul edendigi barada maglumatyň berilmändigini aýtdy.

Bugaýew, bir tarapdan, Türkmenistanyň raýatlarynyň hem şu kanunlar bilen baglanyşykly öz hukuklaryny bilmelidiklerini, emma, beýleki tarapdan, ýurduň häkimiýetleriniň hem şeýle maglumatlary öz wagtynda halka dürli ýollar bilen elýeterli edip durmalydyklaryny nygtady.

Şu aýyň başynda Saýlawlary we sala salyşlyklary geçirmek baradaky Türkmenistanyň Merkezi komissiýasynyň başlygy Myrat Garrýew bu wezipeden boşadylyp, onuň ýerine Orazmyrat Nyýazlyýew bellenipdi.
XS
SM
MD
LG