Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýanyň prezidenti Warşawa sammitini boýkotirleýär


Şu gün Serbiýanyň prezidenti Boris Tadiç Merkezi Ýewropa ýurtlarynyň liderleriniň amerikan prezidenti Barak Obama bilen Warşawada geçirjek sammitini boýkotirleýändigini yglan etdi.

Ol munuň sebäbini bu Sammite Kosowanyň prezidentiniň çagyrylandygy bilen düşündirdi.

Serbiýanyň ozalky prowinsiýasy bolan Kosowo 2008-nji ýylyň başynda özüniň Serbiýadan garaşsyzlygyny yglan edipdi. Emma Serbiýa şu çaka çenli Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etmän gelýär.

Habar agentlikleri Kosowanyň garaşsyzylygyny ykrar etmedik Rumyniýa bilen Slowakiýanyň döwlet liderleriniň hem Warşawada anna güni geçiriljek bu sammite gatnaşmajakdyklaryny habar berýärler.
XS
SM
MD
LG