Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji prezidentine garşy protestler dowam edýär


Saakaşwiliniň häkimiýetden gitmegini talap edýän protest çykyşlary, Tbilisi, 24-nji maý.
Saakaşwiliniň häkimiýetden gitmegini talap edýän protest çykyşlary, Tbilisi, 24-nji maý.

Gürjüstanda prezident Mihail Saakaşwiliniň häkimiýetden gitmegini talap edýän protest çykyşlary dördülenji gün dowam etdi.


Köçelerdäki ýörişlerden daşary, duşenbe güni agşam 200 töweregi protestçi Gürjüstanyň döwlet tele-merkeziniň öňünde birgiden çadyrlary gurdular hem-de «Biz demokratiýa üçin göreşýäris!», «Mişa, wezipäňden güm bol!» diýen ýaly şygarlar ýazylgy plakatlary dikip goýdular.

Tbilisidäki protestler mahalynda, 24-nji maý.
Bu protestler geçen hepdäniň şenbe güni başlanaly bäri oňa gatnaşyjylaryň sany ep-esli azaldy. Şenbe güni Tbilisiniň köçelerine çykan müňlerçe demonstrasiýaçylara garşy hiç hili güýç ulanylmadyk-da bolsa, ýekşenbe güni hökümet güýçleri demonstrasiýalary dargytmak üçin göz ýaşardyjy gazlary, rezin oklary we rezin taýaklary ulandylar.

Käbir şaýatlar bu wakada käbir protestçileriň polisiýa tarapyndan tussag edilen egindeşlerini alyp galmak üçin polisiýa işgärlerine garşy ellerine demir taýak alyp hüjüm edendiklerini aýdýarlar.

Bu demonstrasiýalar soňky iki ýyla golaý wagt bäri Saakaşwiliniň hökümetine garşy protest bildirilip geçirilen iň uly demonstrasiýalardan biri hasaplanylýar.

Demonstrasiýaçylaryň hatarynda 8 ýyl mundan ozal, 2003-nji ýylda amala aşyrylan «Bägül rewolýusiýasynda» Mihail Saakaşwiliniň häkimiýet başyna gelmegine aktiw ýardam eden oppozisiýa lideri Nino Burjanadze hem bar. Ol özüniň ozalky syýasy egindeşi Mihail Saakaşwilini öz eline aşa köp ygtyýarlyklary almakda we awtoritar lidere öwrülmekde aýyplaýar.

“Taryhda hiç haçanam demokratiýa garşy, awtokrat hökümet öz elindäki häkimiýeti saýlawlaryň üsti bilen başgalara geçiren däldir. Beýle zat hiç haçanam bolmandy. Durnuksyzlyga alyp gelýän ýagdaýlar barada pikir edenimde, düýn men beýik amerikan syýasatçysy Jon Kennediniň sözleri ýadymy düşdi. Ol ‘parahat rewolýusiýanyň öňüni baglaýan islendik häkimiýet rewolýusiýanyň gan döküşikli bolmagyna sebäp bolýandyr’ diýipdir” diýip, Burjanadze Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda belledi.

Tanymal syýasatçylar goşuldylar

Burjanadzäniň «Halk Assambleýasy» atly oppozision hereketiniň bu gezekki gurnan protest çykyşlaryna ýurduň käbir tanymal syýasatçylary tarapyndan dolandyrylýan «Gürjüstan partiýasy» atly oppozision partiýanyň wekilleri-de goşuldylar. Bu partiýanyň hatarynda bolsa Gürjüstanyň adam hukuklary boýunça ozalky ombudsmeni Sozar Subari we tanymal millioner Lewan Gaçeçiladze dagylar hem bar.

Gürjüstanyň oppozisiýa liderleriniň biri Nino Burjanadze Tbiliside geçirilýän protestler mahalynda, 24-nji maý.
Mundan ozal bu iki oppozision partiýa öz arasynda kän bir ylalaşmaýardy. Emma hepdäniň ýekşenbe güni «Gürjüstan partiýasy» atly oppozision partiýanyň wekili, millioner Gaçeçiladze oppozisiýa lideri Burjanadzäniň elini gysyp we ony gujaklap, syýasy garşydaşlyga garanyňda, öz ýurdunyň geljeginiň has möhümdigini nygtady. “Men Lewan Gaçeçiladze, men watanymyzyň geljeginiň hatyrasyna ähli öýke-kineleri ýatdan çykarýaryň we hanym Ninony ähliňiziň öňüňizde gutlasym gelýär” diýip, Gaçeçiladze gygyrdy.

Gürjüstanyň iki oppozision partiýasynyň protestde bileleşip çykmagynyň yzy bilen, «Gürjüstan partiýasy» atly oppozision partiýanyň ýolbaşçylary arap ýurtlaryndaky meňzeşlikde şu aýyň 25-ne «Gahar-gazap güni» ady bilen Gürjüstanda uly protest çykyşlarynyň gurnaljakdygyny yglan etdiler.

Olar şol gün prezident Saakaşwilini häkimiýetden gitmäge mejbur etjekdiklerini hem nygtadylar.
XS
SM
MD
LG