Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanda syýasy tussaglar azat edilýär


Ermenistanyň häkimiýetdäki Repubilkan partiýasynyň esasy agzalary parlamentiň sessiýasynyň açylyşynda, Ýerewan, 26-njy maý.
Ermenistanyň häkimiýetdäki Repubilkan partiýasynyň esasy agzalary parlamentiň sessiýasynyň açylyşynda, Ýerewan, 26-njy maý.
Ermenistanyň parlamenti türmede oturan oppozisiýa agzalarynyň ählisiniň azat edilmegine getirjek umumy amnistiýany biragyzdan diýen ýaly tassyk etdi. Parlamentde amnistiýa baradaky kanun taslamasyna 90 adam ses berdi, hiç kim garşy bolmady, bir adam bolsa ses berişlige gatnaşmady. Bu amnistiýanyň geçirilmegini öten hepde prezident Serž Sarkisýan talap edipdi.

Bu amnistiýanyň geçirilmegini prezident Serž Sarkisýan talap edipdi.
Amnistiýa netijesinde 400 çemesi tussagyň, ýurduň türmelerinde saklanýan bendileriň 10 prosent çemesiniň boşadylmagyna garaşylýar.

Azatlyga çykanlaryň arasynda Ermenistanyň Milli kongresiniň dört agzasy-da bolar. Olar 2008-nji ýylyň fewralyndaky dawaly prezident saýlawlaryndan soň gurnalan protestler sebäpli türmä basylypdy.

Bu saýlaw Ýerewanyň köçelerinde howpsuzlyk güýçleri bilen oppozision protestçileriň arasynda ganly çaknyşyga getiripdi. Şondan soň Ermenistanyň Milli kongresiniň lideri we prezidentlige kandidat Lewon Ter-Petrosýanyň ýüzden gowrak tarapdary tussag edilipdi.

Amnistiýa parlamentiň spikeri Howik Abrahamýan tarapyndan gol çekilen badyna güýje girer. Abrahamýan oňa 24 sagadyň içinde gol çekmeli.
Adalat ministri Hraýr Towmasýan Azatlyk Radiosynyň oppozision şahsyýetler we beýleki tussaglar haçan boşadylar diýen soragyna “Biz onuň entek haçan güýje girjegini görmeli. Bu kanunyň çap edilmegi üçin ýene 22 sagat wagt bar. Sagat şondan soň jykgyldap başlar” diýip, jogap berdi.

Sarkisýanyň Respublika partiýasyndan bolan parlament agzalarynyň käbiri tussagdaky oppozisionerleriň has tanymallarynyň, “Haýkakan Žamanak” gazetiniň redaktory Nikol Paşinýanyň we ozalky parlament agzasy Sasun Mikaelýanyň Ermenistanyň Milli kongresiniň Ýerewanda 31-nji maýda geçirjek demonstrasiýasyndan öň boşadylmagynyň ahmaldygyny aýdýarlar.

Üç şert

Ermenistanyň Milli kongresiniň Sarkisýan we onuň üç partiýaly hökümet koalisiýasy bilen çynlakaý dialoga başlamagynyň esasy üç şertiniň biri “ähli syýasy tussaglaryň azat edilmegi” bolup durýar. Beýleki iki şert iş ýüzünde Ýerewanyň esasy meýdançasynda demonstrasiýa geçirilmegine hökümet tarapyndan girizilen gadaganlygyň ýatyrylmagyndan we 2008-nji ýyldaky gozagalaňlar babatdaky derňewiň täzeden geçirilmeginden ybarat.

Ermeni häkimiýetleri geçen aýyň aýagynda bu talaplary kabul etdiler. Ermenistanyň Milli kongresiniň sözçüsi Eduard Şarmazanow bu amnistiýanyň “içki syýasy dialoga” ýol açjagyny aýtdy.

Ermenistanyň Milli kongresiniň tarapdarlary Ýerewanyň Azatlyk meýdançasynda, 2011-nji ýylyň 28-nji apreli.
Ermenistanyň Milli kongresi hökümet bilen diňe bir şerte görä: möhletinden öň prezident we parlament saýlawlaryny geçirmek talaby kabul edilse, gepleşige başlajagyny aýdýar. Hökümet we onuň syýasy ýaranlary saýlawlary wagtyndan öň geçirmek baradaky talabyň kabul edilmejegini gaýta-gaýta nygtaýarlar.

“Biz bolýan özgerişlere üns bilen syn edýäris we syýasy tussaglary boşatmak üçin tagalla edilýändigini görýäris” diýip, Ermenistanyň Milli kongresiniň uly resmisi Lewon Zurabýan aýtdy. Şeýle-de ol Ermenistanyň Milli kongresiniň indiki etjek işleriniň 31-nji maýda boljak ýygnanyşykda yglan ediljegini aýtdy.

“Bir zat eýýämden belli: biz çynlakaý üstünlik gazandyk” diýip, Zurabýan sözüniň üstüne goşdy. “Şeýle-de munuň Ermenistanda gozgalaň-gowgasyz kanuny hökümet gurmak üçin göreşmäge bize täze şert, ýagdaý döredýändigi açyk” diýip, Zurabýan aýtdy.
XS
SM
MD
LG