Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüre we Tunise $20 milliardlyk ýardam berler


Şu gün Fransiýada dünýäniň ykdysady taýdan ösen sekiz döwletiniň liderleriniň gatnaşmagynda geçýän sammitde Müsüre we Tunise uly möçberde maliýe ýardamyny bermeklik karar edildi.

Hususan-da, G-8 toparyna girýän döwletleriň liderleri bu iki ýurtda awtoritar režimleriň agdarylmagynyň yzy bilen amala aşyrylýan reformalara ýardam bermek üçin geljek iki ýylyň dowamynda olara jemi 20 millard dollar maliýe ýardamyny bermekligi karar etdiler.

Mundan daşary, şu gün sammitiň soňunda kabul edilen jemleýji beýannamada Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň häkimiýetden gitmelidigi we Siriýadaky parahat protestçilere garşy güýç ulanylmagynyň öňüni almak üçin Siriýanyň režimine basyş görkezmelidigi hem nygtalypdyr.
XS
SM
MD
LG