Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mladiçiň tussag edilmegine garşy protest geçirildi


Ýekşenbe güni Belgradda öňki bosniýaly serbleriň goşun komandiri general Ratko Mladiçiň tussag edilmegine we onuň Haagadaky Halkara harby tribunalyna berilmegi baradaky kararyň çykarylmagyna garşy protest geçirildi.

Serbiýanyň çepçi milletçileri tarapyndan çagyrylan bu proteste birnäçe müň adam gatnaşdy.

Serbiýanyň radikal partiýasynyň aktiwisti Slobodan Boziç bu protestler barada şeýle diýdi: “Ratko Mladiç Serbiýa halkynyň harby komandiri. Onuň tussag edilmegi serb halky we döwleti üçin uly utançdyr. Ol serb halkynyň gahrymany. Ol biziň milletimizi gorady, hut şu sebäpli biziň ählimiz oňa bolan goldawymyzy görkezmelidiris”.

Protestden soň ençeme adamlar daşlary we çüýşeleri zyňyp, polisiýa bilen çaknyşdylar.

Ýurduň içeri işler ministri Iwiça Daçiçiň aýtmagyna görä, bidüzgünçiliklerde 111 adam tussag edilipdir, şeýle-de 10 graždan adama we 26 polisiýa işgärine şikes ýetipdir.

Penşenbe güni tussag edilen Mladiç 1992-1995-nji ýyllardaky Bosniýa urşunda genosidde we adamzada garşy jenaýatlarda, şol sanda Srebrenisa şäherindäki köpçülikleýin gyrgynçylyga ýolbaşçylyk edenlikde aýyplanylýar.
XS
SM
MD
LG