Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentmi ýa «Allanyň Ýerdäki wekili»?


Türkmenistanyň täze saýlanan prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) kasam kabul edişlik dabarasynda, Aşgabat, 2007-nji ýylyň 14-nji fewraly.
Türkmenistanyň täze saýlanan prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) kasam kabul edişlik dabarasynda, Aşgabat, 2007-nji ýylyň 14-nji fewraly.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň akademigi, pensioner Rejep Baýramow bilen onuň geçen ýyl Orsýetde rus dilinde çap edilen «Turkestan – put k proswetaniýu» atly kitabynda öňe sürlen pikirler barada söhbetdeş boldy.

Tehniki ylymlaryň doktory Rejep Baýramow garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Telekeçiler boýunça jemgyýetçilik geňeşiniň ýolbaşçysy, oba-hojalyk ministriniň orunbasary bolup işledi. Häzir ol Aşgabatda ýaşaýar.

Söhbetdeşlik şu ýylyň ýanwar aýynyň birinji ýarymynda geçirildi. Söhbetdeşligi geçiren Ýowşan Annagurban.

Azatlyk Radiosy: Rejep Baýramowiç, ozaly siziň kitabyňyzda öňe sürülýän syýasy çözgüt barada, hususan-da, monarhiýa, häkimiýetiň atadan ogla geçmegi barada gürrüň etsek. Türkmen režiminiň tankytçylary ýurdy agyr ýagdaýa düşüren zadyň bir adamyň patyşalyk, hudaý bolmak synanyşygydygyny aýdýarlar. Siz şeýle ýagdaýda monarhiýa baradaky pikiriňizi nähili esaslandyrýarsyňyz?

Rejep Baýramow: Birinjiden-ä, indi monarhiýa däl dänim, başgarak nähili at diýseňem goýmaly-da, «Allatagalaň Ýerdäki wekili şu ýurt üçin» diýen ýaly. Ikinjiden, meniň muny atlandyrýanym şu kitabymda-da ýazylgy, sebäbi men «patyşalyk» diýiň ýa ýaňky «wekil» diýiň, şol adamynyň mümkinçiligi çäklendirilýär, gadymdan gelýän patyşalaňky ýaly hiç bir çäksiz mümkinçilik berlenok. Iň soňky söz halka goýlup, referenduma goýlup geçirilýär.

Dünýede häzir alnyp barylýan ýolda, köplenç hemmesinde prezidentiň sözi, saýlanan adamyň sözi iň soňky söz bolýar. Şol weto goýsa, hiç ýerde geçenok. Meniň diýýän zadymda mümkinçilik halkyň üstüne düşýär. Ýöne meniň diýýän patyşalygym Angliýanyň korolewasynyňkydan ýokary, munuň elinde hemme güýç organlary bolýar, onsoňam, gerek ýerinde ulanylar ýaly, ýygnalan pullar şunuň elinde bolýar. Ýöne iň soňky söze goýlanda, wetony bu goýup bilenok. Şuny yzyna gaýtarjak bolsa, berlen teklibi, onda halka goýulýar. Halk çözýär-dä.

Jemläp aýdaňda, meniň diýýän döwletim kooperatiw, baýlyk ýokardan aşak gaýdanok, korparasiýalaryňky ýaly, baýlyk aşakdan ýokaryk gidýär. Garyplaryň sesi eşidilýär, hiç bir adam olaryň ykbalyny özi çözüp bilenok.

Azatlyk Radiosy: Siz häkimiýetiň atadan ogla geçmegini ýa-da dürli atlar esasynda belli bir derejede patyşalygyň esaslandyrylmagyny öňe sürýärsiňiz. Şoň bilen bir wagtda-da halkyň häkimiýetiniň berkarar boljakdygyny aýdýarsyňyz.

Rejep Baýramow: Hawa.

Azatlyk Radiosy: Bu nähili mümkin, bu nähili ýagdaýda real bolup biler? Bir tarapdan, ynha, Türkmenistanda Konstitusiýa esasynda halk häkimiýetiniň, dünýewi demokratik döwletiň döredilendigi aýdylýar. Şoň bilen bir wagtda-da Türkmenistan adam hukuklaryny we azatlyklaryny bozmakda tankyt edilýär. Eger häkimiýet atadan ogla geçse, ýa-da şol saýlawsyz häkim saýlansa, soň ol öz häkimiýetini ogluna galdyrjagyny bilse, halkyň hukuklary, konstitusion hukuklar, formal hukuklar ýitmezmi, Türkmenistan Orta asyrlaryň garaňkylygyna düşmezmi?

Rejep Baýramow: Ýok, kak raz tersine, sebäbi häzir «demokratiki döwletler» diýilýänlerde her kim wagtlaýyn saýlanýar, hemme kişem hem adamlaryň üstünden höküm sürjek, hemem baýlar birigip, garyplaryň garşysyna göreşýärler.

Hakyky aýdaňda, «krizis» diýmek näme diýmek? «Krizis» diýmek «gedaýçylyk» diýmek, bir söz bilen aýdanyňda. Onsoň ýöne haçan «krizis» diýip ulaldyp aýdýarlar? Haçanda şol baý adamlara degende, garyp bilen hiç kimiň işi ýok. A bu ýerde şoň ikisi hem aradan aýrylýar. Sebäbi patyşaň abraýy şoň elinde ýaşaýan halkyň saglygy, baýlygy bilen kesgitlenýär. Buň üçin ol ikarada hiç hili ters zat bolup bilmeýär, tersine, öňi açylýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmeniň uly şahyry Magtymguly «Şalar adyl bolmaz, daglar dumansyz» diýipdir. Siz şu günki günde şalyk, patyşalyk ideýasyny öňe sürýärsiňiz. Şeýle ideýany halk goldarmy? Bu pikir realmy? Türkmen jemgyýetinde sowet-ateistik gurluşdan we soňky garaşsyzlyk ýyllarynda bolan zatlardan, nyýazowçylykdan soň şeýle bilimli-düşünjeli, dogrudanam, halkynyň aladasyny etjek şa ýa patyşa bolup bilermi?

Rejep Baýramow: Magtymguly öz döwrüniň patyşalarynyň gürrüňini edýär, hiç bir çäresi, hukugy kemsidilmedik, ýüz prosent hukuk elinde. Men patyşalygy halkyň maslahatyna gulak asmaga mejbur edip goýýan meseläni, özbaşdak çözmez ýaly edýän, esasy mesele şunda. Onsoň ýaňky «demokratlar» diýilýänlerem, olaram bäş gün işleseler, eýtjek-beýtjek özleri gazanjak, halkyň aladasyny edenok.

Meň diýýän hukugym gelende, patyşa, ol gaty öz halkyna seretmäge, gowy durmuş bermäge ýol açylýar. Ikinji bir tarapdanam, meň goýýan meselämde baýlyk ýokardan aşak gaýtmaly däl-de, amerikan professorynyň aýdyşy ýaly, aşakdan ýokaryk gitmeli. Halk kooperatiw düzýär-de, meselänem kooperatiw çözýär. Koperatiwler oň aýlyk meselesinem çözýär, özara birleşmek meselesinem çözýär, salgyt meselesinem çözýär, elbetde, men uly zady dawa edýärin.

Azatlyk Radiosy: Siz öz kitabyňyzda halkyň garyp düşendigini, onuň 80 prosentiniň işsizdigini aýdýarsyňyz. Şoň bilen birlikde-de ykdysady çözgüdiň 100 prosent mülkdarlykdadygyny öňe sürýärsiňiz.

Rejep Baýramow: Hawa, çözgüt şonda.

Azatlyk Radiosy: Synçylaryň bir toparynyň pikirine görä, şeýle bir psihologiki ýagdaý bar. Türkmenistanda 1991-nji ýyldan soň dörän häkimiýet-dolandyryş medeniýeti, bir adamy hudaýlaşdyrmak, halky hukuksyz galdyrmak usuly hemmeleriň deň emläk eýesi bolmagyna, gurplanmagyna ýol berip bilermi? Ýagny adamlaryň öz mülkünde işläp başlmagyndan, çagalaryna döwrebap bilim bermeginden, olaryň aň taýdan ösmeginden, netijede has köp azatlyk islemeginden gorkulmazmy? Käbirleri türkmen häkimiýetleriniň halky edil şu gorky sebäpli garyp saklaýandygyny öňe sürýärler.

Rejep Baýramow: Näme diýsene, halk özi gowy ýaşasa, patyşa-da şoňa mümkinçilik berse, o hili gorky ara hiç hili düşüp bilmez. Halkyň baý bolanyndan gorkmaly däl, halkyň gedaý bolanyndan gorkmaly.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow «Men, ynha, aýlygyňyzy köpeltsem, derrew azarsyňyz, ýogsa, köpeldip bilýän» diýip, telewideniýede berilýän çykyşlarynda hem aýdardy. Ýa-da ol daşary ýurt firmalaryna «türkmen işçilerine köp aýlyk bermäň, azdyrarsyňyz» diýip, olaryň türkmenlere köp aýlyk bermeginiň öňüni alýardy. Siziň kitabyňyzda hem türkmenleriň Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlulardan 5-10 esse az aýlyk alýandygy aýdylýar.

Rejep Baýramow: Hawa.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda häzir, dogrudanam, şol halky baýatmagyň ullakan howpsuzlykdygyna, garyplygyň howpdugyna düşünjek häkimiýet orta gelip bilermi? Muňa reallyk görýärsiňizmi?

Rejep Baýramow: Hawa görýärin, ýaňkyny, gorkmaýan hökümetmi?

Azatlyk Radiosy: Dogrudanam, halky baýatjak bolýan, onuň eline kakmaýan, oňa mülk berýän, hemme mümkinçiligi berýän, ony goraýan, onuň işlemegine şert döredýän hökümet döräp bilermi? Şol, dogrudanam, realmy? Şeýle düşünje barmy?

Rejep Baýramow: A şol döremese, dargaýanyny görüp durus Gyrgyzystanyň mysalynda. Dünýäniň haýsy ýurduny alsaňyz alaýyň, şol halk iň soňy açlykda, gedaýlykda saklansa, ol zadyň uzaga gitmejegi düşnükli. Men kitabymda hem ýazýaryn, Niger, Nigeriýa – men ol ýerde 1978-nji ýylda boldum – bizden has köp baý ýurtlar, şu wagt, ynha, gedaý, BMG çörek iberýär, şol düzgün näme gowulyga getirýärmi? Hemişe ölşüge, gyrlyşyga eltýär. Beýlekileri däl, özümiziňkileri alyp göräýiň, hemmesinem, Orta Aziýanyň ýurtlarynam. Dawa nämäniň üstünde? Adamlary gedaýlykda saklamak meselesi iň uly ýalňyşyň biri.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda häzir aýratyn bir ýagdaý, Nyýazowyň dolandyryşyndan agyr syýasy-ykdysady ýagdaý miras galdy. Şu ýagdaý bilen bagly täze hökümetiň öňünde bir topar çözülmeli meseleler dur. Ine, siz halk garyp düşdi diýip aýdyp otyrsyňyz. Kitabyňyzda «şol halkyň düşen ýagdaýyna aglap, galama ýapyşdym» diýip ýazýarsyňyz.

Rejep Baýramow: Hawa.

Azatlyk Radiosy: Indi häzir Türkmenistanda ikinji şahsyýet kultunyň döredilýändigi, «arkadag» proýektiniň, «arkadag» ideýasynyň üstünde işlenýändigi barada aladalar eşidilýär. Şol bir wagtda, Nyýazow döwründäkiden tapawutlylykda, bir klanyň ýa bir tiräniň, ahal-teke agalygynyň öňe tutulýandygy hem bellenýär. Şu ýagdaýda siziň kitabyňyzda öňe sürülýän ideýalar bir klanyň agalygyny kanunlaşdyrmak synanyşygy ýaly bolup görünmezmi?

Rejep Baýramow: Ýok. Men näme diýip aýdýaryn? Ynha, siz oppozisiýa diýýäňiz, oppozisiýa diýlen zat bolmaly däl diýip hasap edýän men. Hukugyň bolsa, ýaşaýşyň-derejäň gowy bolsa, sözüň diňlenýän bolsa, ol döwletiň başlygyna-da gowy, halka-da gowy, dünýe bilen gatnaşygyna-da gowy, içinde ýaşaýan adamlara-da gowy, men onuň millet aýraçylygyny-zadyny edemok. Belli bir tiräni öňe sürüp, beýlekini yza goýsaň-da, SSSR döwründe şony etdiler-dä! Edil şo boldy. Ellinji ýyllar tekeler sürdüler. Baýar Öwez neme diýýär eken-dä, Baýar Öwezow diýilýän başlyk, şo dört oblastyňam sekretary tekelerden bolan, birem Bäherdenden bolan. Baýar Öwezow aýdar eken: «Gökdepede bir döwletiň başlygyny, oblastyň başlygyny dogrup oturan bir aýal bar, şon-a bir görmeli» diýip. Ondan geldi welin, bu Babaýewe geldi. Bu alyp hemmesini dagadyp başlady. Ondan geldi Öwezowa geldi. Bul ondanam beter dagadyp başlady. Ony Sowet Soýuzynda Rossiýa biziň aramyza şoň ýaly agzalalygy düşürdi.

Meň öz ömrümi sarp eden zadym, men şol hemmesinden getirip kandidat, doktor bolandyr welin, hemme tiresinden bardyr. Bir nebitçilerden az, sebäbi olar aýlygy köp alýardylar. Ana, şo hakynda-da gürrüň barýar. Şu ýagdaýda biz dünýä derejesinde ösübem bileris, bir-birimiziň gadrymyzam bilip bileris, patyşamyzam sylarys, oň töweregindäkilerem sylarys. Ýöne bizde, men, ynha, şu wagt özüm otyryn-da, näçe gezek şu zatlary ýazýan Mejlise, meni bir gezek çagyrdylar, şo başda. A soň çagyranoklar. Ýöne şu gidişine gitse, onda biziň başymyza-da Yragyň güni geler. Onsoň ýolbaşçylaram şony göz öňünde tutsunlar, ýogsa-da Akaýew bilen nemäň gidişi ýaly, gaçmaly bolar. Halky gedaý goýsa, ol aňyrsy görnüp dur. A halkyň gowy ýaşaýan ýerinde patyşalar uzak ýaşaýar, patyşalyk däl-de, döwletiň başlygy-da.
XS
SM
MD
LG