Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Siriýa bilen Ysraýyly takatlyga çagyrdy


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun Ysraýylyň gözegçiligindäki Golan belentlikleriniň serhet ýakasynda ýekşenbe güni Ysraýyl bilen Siriýanyň arasynda ýüze çykan çaknyşyklardan soň taraplary takatlyga çagyrdy.

Siriýanyň aýtmagyna görä, şol wakalarda Ysraýylyň harbylary protestçilere garşy ot açypdyr, 23 adam ölüpdir. Ysraýyl bolsa protestçiler serhet araçägini bozjak boldular diýýär.

Ysraýylyň hökümetiniň metbugat wekili Mark Regew Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimini ýekşenbe günündäki protestleri gurnamakda aýyplady. Onuň pikiriçe, Başar al-Assadyň režimi şeýle etmek bilen Siriýadaky protestlerden halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni sowmak isläpdir.
XS
SM
MD
LG