Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejadyň Ermenistana sapary gaýra goýuldy


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejadyň Ermenistana sapary gaýra süýşürildi. Saparyň yza geçirilmeginiň sebäpleri, şeýle-de saparyň täze bellenen wagty barada henize çenli maglumat berilmedi.

Ahmedinejadyň Ermenistanyň ýokary derejeli resmileri, şol sanda prezident Serž Sarkisýan bilen hem gepleşikler geçirip, iki ýurduň söwda we özara gatnaşyklaryny maslahat etmegi göz öňünde tutulýardy.

Ahmedinejad Ermenistana iň soňky gezek 2007-nji ýylda barypdy.
XS
SM
MD
LG