Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: türkmen raýaty jynsy zorlukda aýyplanýar


Türkmenistanyň raýaty Sankt-Peterburg şäherinde bir gyzy zorlamakda aýyplanýar. Bu barada Orsýetiň Sankt-Peterburg şäheri boýunça Derňew komitetiniň Baş derňew edarasy habar berýär.

Berilýän maglumata görä, Sankt-Peterburgyň Demirgazyk-Günbatar tehniki uniwerstetiniň 2-nji ýyl talyby, 19 ýaşly Aleksandr Ismailow şu ýylyň 20-nji maýynda “Fidel” barynyň hajathanasynda 21 ýaşly gyzy zorlamakda günäkärlenýär.

Bu waka bilen bagly derňew işleri dowam edýär.
XS
SM
MD
LG