Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýokary okuw jaýlary: Ermenistanda student ýetenok, Türkmenistanda ýer


Ermenistandaky Fransuz uniwersiteti
Ermenistandaky Fransuz uniwersiteti
Ermenistanyň Bilim ulgamynda amala aşyrylýan reformalar sebäpli şu ýyl okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlaryň sanynyň üzül-kesil azalandygy habar berilýär. Sebäbi şu ýyl Ermenistan sowet döwrüniň 10 ýyllyk mekdeplerini 12 ýyllyga geçirmek üçin amala aşyrýan reformasyny tamamlap, mekdepleri 12 ýyllyga geçirýär. Netijede şu ýyl hem geljekki ýyl Ermenistanda hiç kim orta mekdebi tamamlamaz.

Bu reformanyň netijesinde Ermenistanyň 20-den gowrak ýokary okuw jaýlarynyň birinji kurslarynda orunlaryň agramly bölegi boş galar. Ermenistanyň Bilim ministrliginiň çaklamagyna görä, ýurduň ýokary okuw jaýlaryndaky jemi 21 müňlük orna diňe 1 müň 200 adam dalaş eder.

Ermeni resmileriniň berýän maglumatlaryna görä, geçen ýyl 17 müň abituriýent ýurduň ýokary okuw jaýlarynda bilimini dowam etdirmäge höwes bildiripdi. Şu ýyl bolsa, ýokary okuw jaýlaryna esasan geçen ýyl synagdan geçip bilmedik ýa-da ýurduň harby goşunlarynda gulluk edip gelen ýaşlaryň girmegine garaşylýar.

Saýlap girýärler

Şeýle hem käbir tölegli ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň okuwlaryny taşlap, her ýyl hökümet tarapyndan ýaşlara mugtuna berilýän iki ýarym müň orna dalaş etmekleri mümkin diýlip çaklanylýar. Ermenistanyň Bilim ministrliginiň berýän maglumatynda käbir studentleriň okuwdan çykmak barada arzasyny berip, hökümetiň grant orunlaryna dalaş edýändikleri aýdylýar.

Şu ýyl Ermenistanyň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin tabşyrylýan umumy synaglar hem has ýeňilleşdirildi. Umumy synag merkeziniň işgäri Gaýane Manukýanyň aýtmagyna görä, häzirki ýagdaýdan peýdalanyp, käbir hatda öz adyny hem dogry ýazyp bilmeýän ýaşlar ýokary okuw jaýyna girmäge synanyşýarlar. Gaýane bu meselede: “Emma şeýle ýaşlar synagdan geçse-de, olar ýokary okuw jaýynda okamaga taýýar bolmasa, onda uzaga çekmän, okuwdan çykarylar” diýip belleýär.

Ýerewanyň Döwlet uniwersitetiniň beren maglumatlaryna görä, häzirlikçe uniwersitetiň taryh fakultetine girmäge iň köp isleg bildirilipdir. Ýagny, bu fakultete girmek üçin ermeni ýaşlaryndan 40-sy arza beripdir. Uniwersitetiň fizika, himiýa ýaly fakultetlerine girmäge bolsa henize çenli hiç kim isleg bildirmändir.

Gapma-garşy

Ermenistandaky bu ýagdaý Türkmenistanyň bilim pudagyndaky ýagdaýa gapma-garşy gelýär. Ýagny, Türkmenistanda, resmileriň berýän maglumatlaryna görä, 110 müňe golaý okuwçy orta mekdepleri tamamlaýan bolsa, ýokary okuw jaýlarynda diňe 5 müň çemesi student alynýar.

2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelenden soň, Berdimuhamedow bäş ýyllyk ýokary okuwy gaýtadan dikeltdi hem-de okuwyň hilini ýokarlandyrmagyň zerurlygy barada gürrüň etdi. Emma, ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, henize çenli Türkmenistanyň bilim ulgamynda göze ilerlik reformalar geçirilmedi.

Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikiriçe, “bilim pudagyna ýolbaşçylyk edýänleriň arasynda döwür bilen aýakdaş gitmäge taýyn adam az, her kim öz wezipesini saklamagyň aladasyny edýär, bu bolsa reformalaryň geçirilmeginiň öňüne böwet bolýan esasy kynçylykdyr”.
XS
SM
MD
LG