Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Serbiýada Geýdar Alyýewiň ýadygärligi dikildi


Düýn Serbiýanyň paýtagty Belgradda Azerbaýjanyň ozalky prezidenti Geýdar Alyýewiň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy.

Ýadygärligin açylyş dabarasyna Serbiýanyň prezidenti Boris Tadiç bilen Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew hem gatnaşdy.

Ylham Alyýew öz kakasynyň hormatyna Belgradda dikilen bu ýadygärligiň açylyş dabarasyna iki ýurduň gatnaşyklaryndaky taryhy waka hökmünde baha berdi.

Geýdar Alyýewiň ýadygärligi dikilen parkyň durkuny täzelemek çäreleri üçin Azerbaýjanyň Serbiýa 2 million ýewro maliýe ýardamyny berendigi habar berilýär.

Düýn, günüň birinji ýarymynda Azerbaýjanyň prezidenti bilen Serbiýanyň prezidenti iki ýurduň syýasy we ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri barada maslahat etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG