Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda täjigistanly serhetçi esger tussag edildi


Penşenbe güni Özbegistanyň resmileri ýurduň Surhanderýa regionynda täjigistanly bir serhetçi esgeriň tussag edilendigini mälim etdiler.

Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň bu barada ýaýradan beýanatynda sişenbe güni eli ýaragly täjigistanly esgeriň ýurduň serhedini bikanun bozup geçmäge synanyşyk eden wagty tussag edilendigi aýdylýar.

Düýn Täjigistanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti hem bu maglumaty tassyklady. Emma tussag edilen esgeriň şahsyýeti barada anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG