Türkiýede häkimiýet başyndaky “Adalat we Galkynyş” partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 50 prosente golaýyny almak bilen üçünji gezek ýene ýeňiş gazandy.
Rejep Taýyp Erdogana indi Türkiýäniň ylalaşdyryjy hem-de işi iň rowaç döwrebäp premýer-ministriniň roly ýetdi. Bu uly ýeňişde konserwatiw “Adalat we Galkynyş” partiýasy öz alan sesleriniň sanyny 2007-nji ýyldakydan 3%-den gowrak artdyryp, 49,9%-e ýetirdi. Ýöne bu ýurduň 1980-nji ýyldaky harby döwlet agdarlyşygyndan soň düzülen Baş kanunyny özbaşyna üýtgetmegi üçin ýeterlik däl.
Baş kanuny üýtgetmek üçin parlamentde sesleriň 2/3 bölegini almak gerek. “Adalat we Galkynyş” partiýasynyň bolsa 550 orunly parlementde 326 orny bar. Täze Baş kanun barada halky referenduma çagyrjak bolsa hem oňa ýene 5 orun gerek.
Ylalaşmaly
Şeýlelikde Erdogan indi ylalaşdyryjy rol oýnamaly. Bu hem onuň ozal öwrenişen zady däl. Ýöne premýer-ministr özüniň bu işi etjekdigini aýtdy: “Halkymyz bize diňe bir ýurdy dolandyrmak şansyny däl, täze bir bap üçin wezipe-de berdi. Adamlar bize täze Baş kanuny ylalaşykly we gepleşik arkaly düzmek habaryny ýetirdi”.
Erdoganyň aýtmagyna görä, täze Konstitusiýa ýurtdaky etniki we dini-dünýewi bölünişikleri aradan aýrar: “Biz jemgyýetiň ähli toparlaryny öz içine alýan graždan, erkin Konstitusiýany düzeris. Hemmeler özleriniň bu Konstitusiýanyň içindediklerini görerler, hem Gündogar görer hem-de Günbatar”.
Ýöne awtoritar we awtokratik meýillilikde aýyplanýan Erdogana ylalaşdyryjy rol oýnamak aňsat düşmese gerek. Syýasy yslamdan gözbaş alýan “Adalat we Galkynyş” partiýasy ozal hem Türkiýäniň dünýewi Baş kanunyny opurmaga synanyşýanlykda aýyplandy. Ol 2008-nji ýylda ýurduň Konstitusion sudy tarapyndan tas ýapylypdy.
Bu saýlawda Türkiýäniň esasy oppozision partiýasy “Jumhuriýet halk partiýasy” hem täze lider Kemal Kylyçdaroglunyň ýolbaşçylygynda sesleriň 26 prosentini aldy. Bu partiýanyň geçen 30 ýyllykda munça ses alan mahaly ýok.
“Milliýetçi hereket partiýasyna” hem golaýda bolan jynsy biabraýçylyk ol diýen zyýan ýetirmedige meňzeýär. Ol sesleriň 13 prosentini alyp, öňküsi bilen deňäniňde sesleriň diňe bir prosentini ýitirdi.
Kürtleriň tarapyny çalýan “Parahatçlyk we Ösüş” partiýasy hem kandidatlaryny garaşsyz kandidatlar hökmünde dalaşa goşmak bilen 36 orny eýeläp, Türkiýede parlamente girmek üçin gerekli 10 prosent barýerden geçdi.
Esasy temalar
Erdoganyň üçünji möhletinde esasy temalar Baş kanun bilen birlikde kürt meselesi bolar diýip çaklanylýar. Synçylar 1984-nji ýyldan bäri 40 müň çemesi adamyň başyna ýeten pitneçilik konfliktiniň täzeden turmagy mümkin diýip, duýduryş berýärler.
Stambulyň Bahçeşehir uniwersitetiniň Ýewropa Bileleşigi barlaglary boýunça professory Jengiz Aktaryň pikiriçe, “Parahatçlyk we Ösüş” partiýasynyň üstünlik gazanmagy gowy zat. Ýöne köp zat Erdoganyň eglişige näderejede meýillidigine bagly.
Aktar: “Kürt partiýasynyň garaşsyz kandidatlar arkaly öňki döwürlerdäkiden köp deputat bilen parlamente girmegi gowy zat. Munuň geljekki dialog üçin bir baýlykdygy şübhesiz. Ýöne dialog olara bagly däl. Dialog ilki bilen we esasan jenap Erdogana, onuň bir stoluň başyna geçmegi kabul edip-etmezligine bagly” diýýär.
“Parahatçylyk we Ösüş” partiýasynyň aýtmagyna görä, onuň maksatlary beýleki talaplar bilen birlikde mekdeplerde kürt dilinde sapak berilmeginden, esasy kürt partiýasynyň parlemente girmegini bökdeýän barýeriň aşakladylmagyndan, syýasy tussaglaryň boşadylmagyndan we kürt işçiler partiýasy bolan PKK-nyň garşysyna alnyp barylýan harby operasiýalaryň bes edilmeginden ybarat.
Aslynda “Parahatçylyk we Ösüş” partiýasynyň isleýäni kürt welaýaty üçin özerklilik. Ýöne esasy mesele jemgyýetçilik durmuşynda kürt diliniň ulanylmagy.