Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabinadaky hezillik



Wideo: Çikagoda taksi sürýän etniki özbek Nematillo

Meşhur taksi sürüjileri barada aýdylanda günbatarlylaryň ilki bilen göz öňüne gelýän adam Trawis Bikl, başgaça aýdylanda, aýnanyň öňünde durup, “Meň bilen gürleşýäňmi?” diýip sorag soraýan Robert De Niro.

Emma Çikagoda has ýakymly pursatlar göz öňüne gelýär. Bu şäherde taksi sürüjisi bolup işleýän etniki özbek Nematillo öz müşderilerini özbek we iňlis dilindäki aýdymlar bilen güýmeýär. Onuň ady bolsa gitdigiçe meşhurlyk gazanýar.

Nematillo özüniň ýerine ýetirýän ençeme aýdymlaryny wideo ýazga geçirýär we “YouTube” saýtyndaky kanalyna ýerleşdirýär. Ol aýdymlaryndaky goşmaça sesleri “Adobe” kompýuter programmasy arkaly ýasap, karaoke görnüşindäki sözsüz sazlary taýýarlaýar.


Wideo: Çikagoda taksi sürýän etniki özbek Nematillo

Häzirki wagt taksi sürüjisi bolup işleýän hem bolsa, Nematillo aslynda Gyrgyzystanyň günorta şäheri Oşda ýerleşýän uniwersitetde biznes ugrundan okapdyr. Megerem şonuň üçindir, onuň kakasy Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen söhbetdeşlikde öz oglunyň häzirki saýlap alan kärini halamaýandygyny aýtdy.

Emma Çikagoda taksiniň kabinasynda müşderileriniň hormatyna aýdym aýdyp başlan ilkinji sürüji Nematillo däl. Bu şäherde ady dillere dessan bolan Reý Seýnt Reý hem ýaşaýar. Özüniň “My space” sahypasynda aýtmagyna görä, ol 19 ýyl bäri öz döreden aýdymlaryny taksi sürýän mahaly ýerine ýetirýär. Ýelp sahypasyndaky teswirçileriň biri Reýi şeýle taryp edýär:

“..ajaýyp taksi sürüjisi, ussat aýdymçy, köp zatdan habarly, degişme bilen nagt jogap bermäge ökde we gowy geýinýär. Onuň bilen wagt örän gyzykly geçýär. Onuň kabinasy juda arassa we ýakymly. Mundan başga näme gerek?”

Wideo: Çikagoly täksi sürüjisi Reý Seýnt Reý

Reý Seýnt Reý Azatlyk Radiosy bilen şadyýan geçiren söhbetdeşligine Nematillo barada häzire çenli hiç zat eşitmändigini aýtdy. “Onuň ady näme diýdiňiz? Özbegistan? Oňa Stan diýäýeliň” diýip, Reý degişmeli jogap berdi.

Nematillonyň potensial bäsdeşligini göz öňünde tutup, Reý Seýnt Reý dünýäniň öňde baryjy aýdymçy taksi sürüjisi hökmündäki öz orny barada Azatlyk Radiosy arkaly örän açyk beýanat etdi. Beýanatdaky nokatlar, oturlar we baş harplar hem onuň özüne degişli:

"There are many cab drivers in this world who sing and some who sing quite well, but none of them can claim to be that urban legendary, 21st-century, son of the singing cowboy movies, the Mother-effing Theresa of showbiz, that white Tom Jones, RAY SAINT RAY THE SINGING CAB DRIVER. All rates reserved."

Bu taksi sürüjileriniň ikisi hem öz ýerine ýetirýän aýdymlary üçin goşmaça pul soranok. Nematillo: “Men bir hoş wagt geçirmek isleýän dälije oglan” diýýär.

Emma yzly-yzyna gelýän müňlerçe taksileriň arasynda Nematillo ýa-da Reý Seýnt Reýe duşaýmak aňsat däl. Maňlaýyňdakyny görübermeli…
XS
SM
MD
LG