Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Orsýeti ösdürmek planlaryny mälim etdi


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin ýurdy indiki on ýylda dünýäniň iň uly ykdysadyýetli ýurtlarynyň bäşligine girizmek boýunça öz öňünde “uly maksat” goýdy.

Putiniň aýtmagyna görä, bu maksady amala aşyrmak üçin Orsýetde önümçiligi iki esse artdyrmak, şeýle-de ýokary tehnologiýa pudagynda täze iş orunlaryny döretmek zerurdyr.

Putin halkara ykdysady krizisiniň täsiriniň Orsýetde henizem duýulýandygyny belläp, şu ýylyň ahyryna çenli ýurduň ykdysadyýetiniň krizisden öňki ýagdaýyna geljekdigini hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG