Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident köşgünden çykanda…


Dünýäniň köp döwletlerinden tapawutlylykda, Türkmenistanda ýurduň prezidenti diňe bir döwlet ähmiýetli saparlary amala aşyranda ýa möhüm bir beýanatlar bilen çykyş edende däl-de, eýse haýsydyr bir gurluşyklaryň barşy bilen tanşanda-da, bu wakalar ýurduň habar serişdelerinde döwlet ähmiýetli uly bir waka hökmünde giňişleýin suratlandyrylýar.

Hepdäniň çarşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtdaky käbir gurluşyklar bilen tanyşmak üçin öz köşgünden çykmagy-da habar serişdeleriniň uly üns beren wakalarynyň birine öwrüldi. Gurluşyklaryň proýektleri bilen tanyşmak çäresiniň ýurduň Gurluşyk ministrliginde ýa-da haýsydyr bir başga edarasynda däl-de, eýse hut Milli howpsuzlyk institutynyň binasynda Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewiň hem gatnaşmagynda gurnalmagy bu wakany has-da geň waka öwürdi.

Ýurduň habar serişdeleriniň bu barada beren giňişleýin maglumatlaryna görä, Milli howpsuzlyk institutynyň binasynda G.Berdimuhamedow Aşgabatda alnyp barylýan ençeme gurluşyklaryň, şol sanda täze gurulýan iri söwda-dynç alyş kompleksiniň, käbir ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem indi guruljak ýol-transport infrastrukturasynyň proýektleri bilen tanşypdyr. Şu we käbir beýleki gurluşyklar barada ýurduň gurluşyk ministri D.Baýramow bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hasabatlaryny diňlän prezident ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryna-da uly üns berilmelidigini nygtapdyr.

Bu baradaky maglumatda G.Berdimuhamedowyň paýtagtda gurulýan ýokary amatlykly ýaşaýyş jaý fondunyň döwlet tarapyndan her bir raýat barada edilýän aladanyň aýdyň mysalyna öwrülmelidigini nygtandygy aýdylýar.

Jaý ýykyşlyk

Emma, beýleki tarapdan, Aşgabadyň käbir ýaşaýjylary Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran döwründäki ýaly, adamlaryň ýaşap oturan jaýlaryny ýykmak we olaryň ýerinde gymmatbaha kaşaň binalary gurmak ýaly kampaniýalaryň henizem dowam edýändigini aýdyp, özleriniň bu ýagdaýdan nägileligini bildirýärler.

Adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” topary, “Uruş we Parahatçylyk maglumatlar instituty” ýaly käbir guramalar ýakynda Aşgabadyň etegindäki täze ýol-gurluşyk planlary sebäpli jaýlary ýykylan we ýykylyp başlanan ýaşaýjylaryň bir toparynyň öz nägileliklerini mälim etmek üçin “Oguzkent” myhmanhanasynyň öňüne ýygnanandyklary barada maglumaty ýaýratdylar. Bu waka Türkmenistanda adamlaryň başyna uly kynçylyklary getirýän ýykan-ýumrançylyklaryň henizem dowam etdirilýändigine ýene bir gezek şaýatlyk edýär.

Käbir ýerli synçylar Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak barada öňünden düzülen baş planynyň ýokdugyny, şeýle plan bar bolaýanda-da, ilata bu barada maglumat berilmeýändigini aýdýarlar. Netijede-de, olaryň aýtmagyna görä, hatda ýerli häkimiýetleriň rugsady bilen gurlan jaýlar hem soňra birden peýda bolýan täze proýektler zerarly weýran edilýärler.

Türkmenistanly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow bu ugurda dowam edýän problemalaryň örän düşnüksiz we gelşiksiz problemadygyny nygtaýar. Adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin hem Türkmenistanda kanun tarapyndan emläk eldegrilmesizligine kepiliň üpjün edilýändigine garamazdan, köplenç çinownikleriň kanundan hem ýokary bolup çykýandyklaryny aýdýar.

“Türkmenistanda häkimiýetleriň kanundan hem ýokarda durýandyklaryna görä, raýatlaryň hem kanuna garanyňda häkimiýetlerden has beter gorkýandyklaryna görä, hut şeýle ýagdaýlar ýüze çykýar” diýip, Tuhbatullin belleýär.

Elýetersiz

Ýurduň häkimiýetleriniň paýtagtda we welaýat merkezlerinde ýaşaýyş jaý gurluşyklaryna uly üns berilýändigini tekrarlaýandyklaryna garamazdan, täze gurulýan jaýlar bahasynyň ummasyz ýokary bolanlygy üçin ilat köpçüligine elýetersiz bolup çykýar.

Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň ozalky başlygy Hudaýberdi Orazow Türkmenistanda ilata kredit bermek sistemasynyň hem talabalaýyk ýola goýulmandygyny belläp, hatda ilata kredit berläýende-de, jaýlara kesgitlenýän bahalaryň ilatyň töleg ukybyna asla laýyk gelmeýändigini aýdýar.

Graždan aktiwisti Nurmämmedow hem Orazowyň bu pikiri bilen ylalaşýar. Ol türkmen döwleti öz raýatlaryna bu ugurda ýardam etmese-de, iň bolmanda, mellek ýer bermezlik ýaly ilatyň öňünde döreden käbir päsgelçiliklerini welin, aradan aýyrmalydygyny nygtaýar.

1990-njy ýyllaryň ortalarynda Türkmenistanyň aglaba regionlarynda, hiç hili sebäbi düşündirilmezden, oba ilatyna mellek ýerlerini bermek togtadyldy we şondan bärem bu ýagdaý üýtgewsiz galyp gelýär.
XS
SM
MD
LG