Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýaly dissidentler paýtagtda maslahat geçirdiler


Şu gün siriýaly syýasy dissidentlerden 100-den gowragy ýurduň paýtagty Damaskda özara maslahata ýygnanyp, ýurtda emele gelen syýasy krizisden çykmak meseleleri barada maslahata başladylar.

Siriýanyň dissidentleri şeýle maslahatyň geçiriljekdigini öňünden yglan edipdiler.

Käbir synçylar Siriýanyň paýtagtynda syýasy dissidentleriň şeýle maslahat geçirmeklerine häkimiýetler tarapyndan ýol berilmegini adatdan daşary bir waka diýip häsiýetlendirýärler.

Şu ýylyň mart aýynyň ortalaryndan bäri Siriýanyň dürli şäherlerinde prezident Başar al-Assadyň režimine garşy protest çykyşlary yzygiderli dowam edip gelýär.

Ýerli aktiwistler bu çykyşlaryň barşynda hökümet güýçleriniň ýarag ulanmaklary netijesinde azyndan 1,400-den gowrak adamyň ölendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG