Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Adam söwdasy - 2011”: Türkmenistan nähili çäreleri görýär?


 Şu günki gün dünýäde millionlarça kişi adam söwdasynyň pidasy bolup, gulçulykda saklanýar.
Şu günki gün dünýäde millionlarça kişi adam söwdasynyň pidasy bolup, gulçulykda saklanýar.

Birleşen Döwlet departamenti dünýäde adam söwdasy barada ýyllyk hasabatyny ýaýratdy. “Adam söwdasy – 2011” atly hasabatda bu problema boýunça ýurtlaryň ýagdaýyna we bu jenaýata garşy hökümetleriň görýän çärelerine baha berilýär.


Şu günki gün dünýäde millionlarça kişi adam söwdasynyň pidasy bolup, gulçulykda saklanýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 27-nji iýunda adam söwdasy boýunça ýaýradan ýyllyk hasabatynda bellenýär.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň bellemegine görä, adam söwdasynyň pidalarynyň aglaba bölegi aýal-gyzlardyr. Onuň sözlerine görä, adam söwdasy diňe bir gulçulyk problemasy bilen bagly bolman, eýse ABŞ-da we tutuş dünýäde ynsan nesline garşy zulumyň epidemiýasyny tutaşdyrýar.

Hasabatda hökümetleriň adam söwdasyna garşy görýän çärelerine we şol çäreleriň netijeliligine baha berilýär. Emma bu bahalaryň döwlet derejesinde kabul edilen çäreler esasynda däl-de, şol çareleriň ýerine ýetirilişi esasynda kesgitlenýänligi hasabatda aýratyn nygtalýar.

Türkmenistan

Döwlet departamentiniň hasabatynda Türkmenistan mejbury işledilýän we jelepçilige mejbur edilýän adamlaryň çeşmesi bolýan ýurtlaryň hatarynda agzalýar. Türkmenistanlylaryň zor bilen işledilýän esasy ýurtlarynyň biriniň Türkiyedigi hasabatda aýdylýar, şeýle-de bu babatda Orsýet, Beýik Britaniýa we Türkmenistanyň özi agzalýar.

Adam söwdasyna degişli problema barada we bu ugurdan edilýän işler barada Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda habar berilmeýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Türkiýede yaşaýan Jereniň gürrüň bermegine göra, Türkiýede gulçulyga düşýän türkmenistanlylaryň köpüsi işiň gözleginde baran we aldawa düşen adamlardyr.

Jeren bu hakda şeýle diýýär: “Aýal-gyzlar Türkiýä gelende köplenç kanun tarapdan goragsyz bolýarlar. Sebäbi olar wizasyz bir aýlyk turist bolup gelip bilýärler we şeýdip, bärde işlemek üçin bikanun galýarlar. Munuň özi käbir arassa däl adamlaryň olary şantaž etmegine sebäp bolýar”.

Hökümetiň işine baha

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hasabatynda Türkmenistanyň hökümetiniň adam söwdasyna iň bärkisi minimal derejede-de çäre görmeýänligi aýdylýar. Hususan-da, Migrasiýa gullugy bu ugurda halkara guramalar bilen maslahatlary geçirýän hem bolsa, hasabatda Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy iş alyp barýan guramalara maliýe ýardamyny bermek we goldamak boýunça öz borçnamalaryny yerine yetirmeýänligi aýdylýar.

Türkmen hökümetiniň şeýle-de adam söwdasyna garşy jenaýatlary derňemekde we pidalary goramakda belli bir tagalla etmeýänligi hem bellenýär.

Özbegistanda ýerleşýän “Işçi ekspertler topary” atly garaşsyz analitik guramadan Suhrob Ysmaýylow adam söwdasynyň öňuni almak we betbagtçylyga uçran adamlary goramak üçin bu problema hökumetleriň derejesinde çynlakaý çemeleşmegiň zerurdygyny belleýär. Emma, onuň pikirine görä, döwlet derejesinde kabul edilýän çäreleriň netije bermegi uçin göz öňünde tutulýan çäreleri iş ýüzünde ulanmak boýunça mehanizmler bolmaly.

Graždan jemgyýetçiliginiň roly

Ysmaýylow adam söwdasyna degişli problema garşy göreşmekde graždan jemgyýetçiligi esasy rol oýnamaly diýýär: “Graždan jemgyýetçilik guramalary iki wezipäni öz üstüne alyp bilerdi. Birinjiden, olar adam söwdagärleriniň toruna düşüp biläýjek adamlar bilen işleşip, betbagtçylygyň öňüni almak üçin iş alyp barmaly. Ikinjiden, olar gulçulyga düşen adamlara ýardam bermeli. Häzirki wagtda bize daşary ýurtlara işe gidip, gulçulyga düşenleriň garyndaşlary kömek sorap, köp ýuzlenýärler, emma şeýle ýardamy bermegiň öňünde uly bökdençlikler bar”.

Ysmaýylowyň sözlerine görä, şu günki gün Özbegistanda we tutuş Merkezi Aziýada hökümete degişli bolmadyk guramalaryň adam söwdasy ýaly problemalara garşy göreş ugrunda hereket etmegi üçin mümkinçilikler örän çakli.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň adam söwdasy boýunça täze hasabatynda Türkmenistanyň hökümetine, hususan-da, şeýle rekomendasiýalar berilýär: Adam söwdasyna garşy 2007-nji ýylda kabul edilen milli kanunyň berjaý edilişini gowulandyrmaly. Jenaýatçylary yzarlamak we olary sud arkaly jezalandyrmak, adam söwdasynyň pidalaryny anyklamak we olara ýardam bermek, bu ugurdan iş alyp barýan hökümete degişli bolmadyk guramalara maliýe we beýleki kömekleri bermek, problema barada köpçülige jikme-jik maglumat berip durmak, şeýle-de adam söwdasyna garşy umumymilli kampaniýany geçirmek ýaly çäreleri amala aşyrmak zerur.
XS
SM
MD
LG