Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Arap baharynyň” öňki Sowet giňişligine täsirleri


Belarusyň paýtagtyndaky protestler mahalynda, 2011-nji ýylyň 22-nji iýuny.
Belarusyň paýtagtyndaky protestler mahalynda, 2011-nji ýylyň 22-nji iýuny.
“Arap Baharynyň” öňki Sowet Soýuzyna degişli ýurtlara täsiri, aradaky meňzeşlikler we tapawutlar barada ABŞ-de ýerleşýän “Freedom House” merkeziniň barlaglar boýunça direktory Kristofer Walker bilen söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy tarapyndan alyp baran Nikola Krastew.

Azatlyk Radiosy: Siz “Awtoritar petik: Arap baharynyň öňki Sowet Soýuzyna täsirleri” atly bu ýylky hasabatyňyzda näme netijelere geldiňiz?

ABŞ-de ýerleşýän “Freedom House” merkeziniň barlaglar boýunça direktory Kristofer Walker
Kristofer Walker: Biz dürli regionlarda gözden geçirýän 29 ýurdumyzda bu ýyl ençeme kynçylyklaryň bardygyny ýüze çykardyk. Aýratyn-da öňki Sowet Soýuzynda institusional jogapkärçiligiň hem demokratiýanyň dargap barýanyna göz ýetirdik. Ýöne Baltik döwletleri bu kategoriýa girenok.

Gelnen netijeler bu awtoritar döwletlerdäki ýolbaşçylaryň bu golaýda çalşylmajakdygyny, çynlakaý reformalaryň mümkin däldigini-de görkezýär.

Biziň ünsümizi özüne çeken ýene bir zat Orta Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlary bilen köp babatlarda deň häsiýete eýe bu ýurtlaryň hiç birinde reforma alamatynyň asla göze ilmeýänligi.

Azatlyk Radiosy: Hasabatda öňki Sowet Soýuzynyň Baltik döwletlerinden beýleki ýurtlarda ýolbaşçylaryň belli bir derejede ýaşdygy nygtalýar. Siziň garaýşyňyzça, munuň geljekki syýasy özgerişlere näme tasirleri bolar?

Kristofer Walker: Öňki Sowet Soýuzynyň awtoritar ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna garanyňda göze ilýän zat, bu dokuz ýurduň diňe ikisinde ýolbaşçylaryň ýaşynyň 70-den ýokarydygy. Bular Özbegistan bilen Gazagystanda. Regiondaky awtoritar režimli beýleki ýurtlarda ýolbaşçylar belli bir derejede ýaş. Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew 49, Täjigistanda Emomali Rahmon 58, Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin 58, prezident Medwedew 40 ýaşlarynda. Häzirki ýagdaýdan çen tutsaň, bular uzak wagtlap häkimiýet başynda galjak adamlar. Onsoň bu ýurtlarda reforma ugrunda, liberallaşma ugrunda görnüp duran tagallalaryň ýokdugyny göz öňüne getireniňde, bu ýurtlarda ýakyn geljekde syýasy özgeriş we gymyldynyň bolmajakdygy belli zat.

Azatlyk Radiosy: Hasabatda aram syýasy güýçlere iş alyp barmaga ýol berilmeýänligi ekstremizmi ösdürýär diýilýär. Muny bir düşündiräýseňiz?

Kristofer Walker: Bu ýagdaýy öňki Sowet Soýuzynda dürli formalarda görmek bolýar. Ýöne soňky netijede bu ýurtlarda alternatiw güýçleriň we aram syýasy aktiwistleriň inisiatiwalaryna syýasy sahnada orun berlenok. Biz ýaňy söňky hepdelerde Orsýetde syýasy partiýalaryň gatnaşmagynyň öňüni almak üçin näme oýunlaryň bolanyny gördük. Bu ýurtlarda bu bir adaty ýagdaý.

Aram syýasy güýçlere çekişmelerde rol berilmese, syýasy diskussiýalara gatnaşmaga mümkinçilik berilmese, bu ekstremizme, elbetde, şert döreder. Bu entek her bir babatda ýüze çykmadyk hem bolsa, peýdaly bäsdeş bolup biljek pikirlere ýol bermeýän bu ýurtlaryň ýüzbe-ýüz boljak zadydyr. Bu Orta Gündogar we Demirgazyk Afrikada çalt ýol aldy. Nähili-de bolsa, bu aram syýasaty oýnamaly rolundan mahrum eden režimlerde bar bolan bir umumy häsiýet.

Azatlyk Radiosy: Siziň hasabatyňyzda syýasy geçişe tarap ýola düşen bir ýurtda ençeme ýyllap dowam eden awtoritar hakimligiň galdyrýan mirasy barada hem durlup geçilýär. Bu barada “arap baharyny” başdan geçiren ýurtlar bilen öňki Sowet Soýuzyna degişli ýurtlaryň arasynda näme meňzeşlik bar?

Kristofer Walker: Biziň köp babatlarda Orta Gündogar we Demirgazyk Afrikada, mysal üçin, Müsürde görýänimiz Mubarekden galan 30 ýyllyk iş oňarmazlygy, korrupsiýa we garyndaşparazlygy reformirlemegiň aşa kyndygy. Adaty syýasy ýagdaýda ýurduň işlerine gatnaşmakdan, serişdelerden peýdalanmakdan, graždan jemgyýetli bolup, häkimiýetler tarapyndan işlerine garyşylman, açyk iş alyp barmakdan mahrum edilen güýçlerden bu zatlary bir gysga wagtyň içinde çözerler diýip garaşmak dogry däl. Mundan alýan sapagymyz şu: reformadan gaçýan sistemalarda, öňki Sowet respublikalarynyň köpüsi barada aýdanyňda bolsa, garaşsyz guramalaryň we peýdaly rol oýnap biljek syýasy aktýorlaryň öňi alynýan ýurtlarynda, bir zaman manyly reformalara mümkinçilik tapylaýanda-da, munuň ýol almasynyň aşa kyn boljakdygy
XS
SM
MD
LG