Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa gozgalaňçylary hökümet bilen gepleşmek teklibini gutlady


Liwiýadaky gozgalaňçylar Muammar Kaddafini göni gatnaşdyrmazdan, Liwiýanyň hökümeti bilen gepleşikleri gurnamak barada Afrika Bileleşiginiň teklibini gutlady.

Liwiýanyň halkynyň demokratiýa we adam hukuklaryna hormat goýulmagyna ýykgyn etmesini ilkinji bolup Afrika Bileleşigi ykrar etdi diýip, Liwiýanyň gozgalaňçylarynyň ýolbaşçy organy bolan Milli geçiş geňeşi mälim etdi.

Gepleşikler ideýasy Ekwatorial Gwineýada Afrika Bileleşiginiň sammitinde makullandy.

Şol bir wagtda-da Afrika Bileleşiginiň agzalary Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafini tussag etmek barada halkara orderiň berilmegine närazylyk bildirdiler.
XS
SM
MD
LG