Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan-Eýran serhedindäki atyşykda azeri esgeri öldi


Duşenbe güni Azerbaýjan bilen Eýranyň serhet ýakasynda ýüz beren atyşykda bir azeri esgeri öldi.

Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugy bu esgeriň ýurduň günortasyndaky Ýardamly regionynda serhet goragçylary bilen bir ýaragly toparyň arasynda bolan atyşykda ölendigini mälim etdi.

Emma Eýranyň IRNA döwlet habar agentligi ýurduň içeri işler ministriniň orunbasary Aly Abdollahiniň sözlerine salgylanmak bilen, bu wakada Azerbaýjanyň bir serhetçisi Eýranyň territoriýasyna bikanun geçende, onuň atylyp öldürilendigini habar berdi.

Maglumata görä, Aly Abdollahi häzirki wagt bu bolan waka boýunça iki ýurduň hem derňew alyp barýandygyny aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG