Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Magnitskiniň ölüminde resmileriň eli bar


Duşenbe güni Orsýetiň Federal derňew býurosy 2009-njy ýylda türmede ölen tanymal hukukçy Sergeý Magnitskiniň ölüminde türmäniň resmileriniň we lukmanlarynyň günäsiniň bardygy barada resmi beýanat ýaýratdy.

Munuň özi Sergeý Magnitskiniň ölümine ýurduň resmileriniň dahyllydygyny boýun alýan ilkinji resmi beýanatdyr.

Orsýetiň Federal derňew býurosynyň bu beýanatynda 37 ýaşly Sergeý Magnitskä türmede zerur medisina kömeginiň berilmezliginiň onuň ölümine gönüden-göni sebäp bolandygy aýdylýar.

Emma bu beýanatda oňa medisina kömegini bermezligiň näme bilen baglanyşykly bolup biljekdigi barada anyk zat aýdylmaýar.

Sergeý Magnitskiý 2008-nji ýylda Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň birnäçe ýokary derejeli resmisine maliýe galplyklarynda bildiren aýyplamalarynyň yzy bilen tussag edilipdi. Orsýetiň häkimiýetleri oňa salgyt tölegi meselesinde kanun bozmakda aýyplama bildiripdiler.
XS
SM
MD
LG