Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gazprom” delegasiýasy Demirgazyk Koreýa bardy


Orsýetiň gaz läheňi “Gazprom” kompaniýasynyň delegasiýasy Demirgazyk Koreýada gepleşik geçirdi. Demirgazyk Koreýanyň Merkezi habar gullugynyň beren maglumatyna görä, delegasiýa kompaniýanyň dolandyryş edarasynyň başlygynyň orunbasary Aleksandr Ananenkow ýolbaşçylyk edýär.

Maý aýynda “Interfaks” habar gullugynyň beren maglumatyna laýyklykda, Orsýetiň Daşary razwedka gullugynyň başlygy Mihail Fradkow prezident Kim Çen Ir bilen duşuşyp, bilelikdäki proýektler, şol sanda Demirgazyk Koreýanyň üsti bilen Orsýetden Günorta Koreýa çekilmegi mümkin gazgeçiriji we elektrik liniýasy barada hem gürrüň edipdir.
XS
SM
MD
LG