Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Petreus Talybanyň tomusky hüjümleriniň geçen ýyl bilen deňelende azdygyny aýdýar


Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky baş serkerdesi, general Deýwid Petreues daşary ýurtly esgerlere we owgan goşunlaryna garşy pitne hüjümleri bu tomus geçen ýylyň şu döwri bilen deňelende az diýdi.

Petreus Kabula sapary mahalynda hüjümleriň ýyllyk söweş möwsüminiň başlangyjy bolan maý we iýun aýlarynda birnäçe prosent az bolandygyny aýtdy. Emma ol öýde ýasalan bombalaryň partlamasynyň ýokarlanandygyny belledi.

Petreus Owganystandaky baş serkerdelik wezipesinden iýuluň ortasynda aýrylýar we sentýabrda Merkezi Aňtaw gullugynyň başlygy bolýar.
XS
SM
MD
LG