Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝHHG Belarusy 400 adamy azat etmäge çagyrdy


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň parlamenti Belarusy 400-den gowrak adamy tussaglykdan boşatmaga çagyrdy. Olar golaýda hökümete garşy protestler mahalynda tussag edilipdiler.

ÝHHG-niň parlamentiniň ýörite rezolýusiýasynda tutulanlaryň ählini tussaglykdan boşatmaga çagyrylýar we olara syýasy tussag hökmünde garalmalydygy aýdylýar.

ÝHHG-niň parlamenti Belarusy garaşsyz medianyň ýapylmak howpynyň öňüni almak üçin bu gurama bilen metbugat azatlygy boýunça hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Belarus ÝHHG-niň Minskidäki edarasyny ýapypdy we guramanyň ýörite missiýasyny ýurda goýbermändi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG