Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Begmedowa: "Aşgabat aýgytly adimleri ätmeli"


"Berdimuhamedow prezidentlige saýlanmagy bilen, öňki we häzirki döwrüň jogapkärçiligini öz üstüne aldy".
"Berdimuhamedow prezidentlige saýlanmagy bilen, öňki we häzirki döwrüň jogapkärçiligini öz üstüne aldy".
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oppozisionerleriň ýurda gelip, prezidentlik saýlawlaryna gatnaşyp biljekdigi barada aýdanlary bilen baglanyşykly düýbi Bolgariýada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen Helsinki” toparynyň başlygy Täjigül Begmedowa bilen söhbetdeşlik.

Azatlyk Radiosy: Siz hukuk goraýjy hökmunde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň oppozisionerleriň ýurda gelip, prezidentlik saýlawlaryna gatnaşyp biljegi barada aýdan sözlerine we ol sözüň näderejede durmuşa geçip biljegine nähili garaýarsyňyz?

"Türkmen Helsinki" toparynyň başlygy Täjigül Begmedowa
Täjigül Begmedowa: Oppozisionerleri ýa-da ýönekeý aktiwistleri ýurda çagyrmak üçin resmi Aşgabat, beýanatlar we jarnamalar bilen çäklenmän, aýgytly adimleri ätmeli. Oppozisiýa wekillerine anyk kepillik bermeli. Nyýazowyň döwründe bikanun günä ýöňkelip, adalatyň ýol almagy ugrunda göreşip, halkara guramalaryna ýuz tutan raýatlaryň işine gaýtadan seretmeli.

Berdimuhamedow prezidentlige saýlanmagy bilen, öňki we häzirki döwrüň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Şeýlelikde Nyýazow döwrüne syýasy baha bermezden, şol döwrüň hatalaryny öz boýnuna alýar. Näme üçin halkara ekspertleri, ýuristleri, adam hukuklaryny goraýjylary çagyryp, ýerli spesialistler bilen bilelikde bu meselä seredilmeýär? Eger-de şol adamlaryň günäsi bar bolsa, jogapkärçilige çekilmeli, günäsiz bolsalar, azatlyga goýberilmeli.

Ýurduň raýatlarynyň arasynda höküm sürýän gorka garamazdan, Türkmenistanyň raýatlaryndan BMG-ä ýazylan onlarça şeýle arzalar bar. Iru-giç şol arzalara hökman serederler. Şonda diňe önki režimiň eden-etdiligi däl, eýse bu hakda dymyp gelýän häzirki režimiň hem gunäsi ýüze çykar.

Azatlyk Radiosy: Adam hukuklaryny goraýjy Ýewropa sudy we beýleki mehanizmler bilen zerur dokumentlere gol çekişmek işlerinde we ýagdaýy aýdyňlaşdyrmak meselesinde resmi Aşgabada näme päsgel berýär?

Täjigül Begmedowa: Bu prezidentiň özi üçin-de, ýönekeý raýatlar üçin-de peýdaly bolardy. Eger-de resmi Aşgabat bu işe başlasa, onun abraýy galardy. Gynansak-da, resmi Aşgabat liberalizasiýa taýýar däl. Sebäbi Berdimuhamedow henizem Nyýazowyň dolandyryş usulyny dowam etdirýär. Onun döwrebap iş usulyndan peýdalanasy gelmeýär, sebäbi beýle ýagdaýda ýurduň ilatynyň hukuklarynyň bozulýandygy baradaky faktlar açyljak.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda syýasy partiýalaryň ösmegi we işläp bilmegi üçin gury sözden takyk işe geçmek üçin ilki näme edilmeli? Siziň özüňiz ýurda, nähili şertler bolsa, dolanardyňyz?

Täjigül Begmedowa: Esasy bir zady nazara almaly: ýurtda adam hukuklaryny goraýjylara we garaşsyz metbugata ähli şertler döredilmese, hiç bir oppozisioner prezidentiň sözlerine ynanmaz. Ýurtda başga partiýalaryň döredilmegi we işlemegi üçin aktiwistlere işlemäge mümkinçilik bermeli. Näme üçin öňegidişligiň ilkinji ädimleri hökmünde Azatlyk Radiosyna we adam hukuklaryny goraýjylara ýurduň içinde arkaýyn işlemäge rugsat berilmeýär? Näme üçin türkmen aktiwistleri öz ýurdundan daşarda işlemeli? Anyk kepil geçýän bolsa, biziň guramamyz häzirem öz ofisini Türkmenistana göçürmäge taýýar.

Azatlyk Radiosy: Siziň Abadan hadysasy bilen baglylykda resmi Aşgabada aýtjak sözüňiz barmy?

Täjigül Begmedowa: Biziň çagyryşlarymyza gulak assynlar. Partalamany surata almaga synanyşan aktiwistleri yzarlamasynlar. Aktiwistler bu işi hökümetiň waka ýeterlik üns berip, çalt çäre görmegi üçin edýärler. Başgaça pikir ýöredýän adamlara we adam hukuklaryny goraýjylara “halk duşmany” hökmünde seretmesinler.
XS
SM
MD
LG