Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Magtymguly – mydama gerekli


Magtymgulynyň ýagygärligi, Aşgabat.
Magtymgulynyň ýagygärligi, Aşgabat.

Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi hyzmatynyň şu günki gadyr-gymmaty barada aşgabatly şahyr hem publisit Aşyrguly Baýry bilen söhbet. Söhbetdeşligi geçiren ýazyjy Hudaýberdi Hally.


H. Hally: Beýik akyldarlaryň biziň durmuşymyzda mydama möhüm orny bolupdyr, olaryň hyzmatyna gadyr goýlupdyr. Ýakynda Russiýa Federasiýasynda ýurduň prezidentiniň permany bilen 12-nji iýun, ýagny A.S. Puşkiniň doglan senesi, Rus dili güni diýlip yglan edildi. Eger Ýewropanyň bir kiçijik ýurdy bolan Daniýany alsak, olarda döwlet baýdagyndan, döwletiň gerbinden hem gimninden soň, Hans Anderseniň ady görkezilýär. Başgaça aýdylanda, ajaýyp ertekiçi H. Andersen Daniýanyň döwlet aýratynlygy hasap edilýär. Şu babatda biziň halkymyzyň Magtymguly Pyraga goýýan hormaty-da iňňän beýik. Muňa Magtymgulynyň golaýda geçen şygryýet baýramçylygy mysal bolup biler.

Şahyr, žurnalist hem publisit Aşyrguly Baýry
A. Baýry: Magtymguly ol toýdan öňem, soňam, mydama gerekli. Türkmeni, umuman, dutarsyz, Magtymgulusyz, bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýöne, dogrusyny aýtsaň, meniň ol toýlardan göwüm onçakly suw içmedi. Sebäbi bu beýik şahyryň beýikligini halka aýan etmek däl, haýsydyr bir syýasy çäräni nazarlaýan, ýolbaşçylary mahabatlandyrýan ýaly bolup dur. Magtymgulynyň poeziýa baýramçylygyna bagyşlanyp, ne bir täze kitap çykarylýar, ne bir onuň eserleri barada täze pikir aýdylýar. Makalalar hem çap edilenok. Umuman, Magtymgulyny Magtymgulusyz baýram edýärler.

H. Hally: Indi bu ýerde diňe baýramçylyk däl, ýeri gelende aýtsak, biz Magtymguly bilen hemişe we yzygider ýüzbe-ýüz bolýarys. Bu biziň professional işimiz bilen bagly bolmagy-da mümkin. Eýse, häzirki döwürde Magtymgulydan kemrysgal galýan kimler?

A. Baýry: Magtymguludan esasy kemrysgal galýanlar biziň ýaşlarymyz hem çagalar. Magtymgulynyň çagalara niýetlenen suratly kitabynyň iň soky gezek haçan çykanyny köpler bilýänem däldir. Olar 80-nji ýyllaryň ortalarynda çykypdy. Şondan soňam bu iş ýatyp galdy. Elbetde, bu gynandyrýar.

H. Hally: O näme üçin çykmaýar?

A. Baýry: Aslynda Magtymgulynyň öz eserleri çykmaýar. Bu ýerde Magtymgula kim eýe bolmaly diýen dawa barýar. Türkmenistanyň Golýazmalar instituty şahyryň ähli neşir işleriniň jogapkärçiligini doly öz üstüne almak isleýär. Eger şeýle bolsa, onda Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty näme etmeli? Ol hem ylmy-barlag instituty, ol ýerde-de Magtymguly bölümi bar. Olaram bu işe goşulyşaýmaly ýaly. Näme üçindir şu edaralaryň sazlaşykly bir hereketleri ýok ýaly.

H. Hally: Eger teksti Golýazmalar instituty taýýarlasa, olar şeýle jogapkärçiligi öz üstlerine alyp bilerler ahyryn.

A.Baýry: Golýazmalar instituty golýazmany taýýarlap biler, ýöne näme üçindir başga gadymy nusgawy şahyrlaryň eserlerini çap etseler-de, Magtymgulynyň kitabyny olar çap edenoklar.

H. Hally: Biz ýene Magtymgulynyň neşir edilişine dolansak, 2008-nji ýylda, täze elipbiýde şahyryň uly göwrümli kitabynyň çykandygyny ýatlap bileris.

A. Baýry: Hawa, çykdy, ýöne onuň adyna näçe tankydy bellikler boldy. Olar öňki Sowet döwründäki neşiri alyp, goşgularyň ýerlerini çalşyryp, “çapa taýýarladyk” diýip, neşir edene meňzeýär. Ol ýerde şeýle bir göze görnüp duran ýalňyşlar bar, hatda şolara-da üns berilmändir. Meselem, öňki neşirlerde kitabyň başyndan berilýän, soňky neşirde orta, ýagny 230-njy sahypa geçirilen “Türkmeniň” goşgusyny alsak, “kükreýip bark urar anbaryň ysy” diýen setirler bar. Bark, biziň bilşimiz ýaly, bu ýyldyrym, güýçli ýagtylyk. Häzirki zaman pars dilinde ol elektrik tok manysynda ulanylýar. Anbaryň ysy burk urýandyr ahyryn. Garaz, şeýle sada ýalňyşlaram düzedilmändir, 2008-nji ýylyň neşiri tankyt edeniňe degenok.

H. Hally: Eýse, beýle ýagdaýdan nähili çykyp bolar?

A. Baýry: Elbetde, ylalaşyk ýoly bilen çykmaly. Biz rus edebiýatyny ýa goňşy halklaryň edebiýatyny alsak, olarda-da klassyky edebiýaty haýsydyr bir ylmy merkez taýýarlaýar. Ýöne hökman şol edara ýa-da institut ol işi çap etmeli diýen düzgün ýok.

H. Hally: Ertirki edilmeli işler barada nämeleri aýdyp bolar?

A.Baýry: Munuň üçin owaly bilen edilen işleri dikeltmek gerek. Aýhan Hajyýewiň döreden kanoniki portretinden başlap, beýik şahyr barada döredilen filmleri ekrana goýbermeli. Ol hem onuň döwri barada ýazylan eserlerden gadagançylygy aýyrmaly. Şol wagtyň özünde-de şahyryň çeper keşbini döretmek barada täze konkurslary yglan etmeli.

H. Hally: Ýeri gelende, şahyryň adynyň ebedileşdirilmegi meselesine-de seredip geçeli. Bu ugurda nähili işler edip bolar?

A. Baýry: Şol meselä-de ýaňadan seretmek gerek. Bilşimiz ýaly bizde komsomolyň deregine döredilen Ýaşlar birleşigi Magtymgulynyň adyny göterýär. Elbetde, muny özümiz-ä oňlamzok. Magtymguly has abraýly gurama adynynyň dakylmagyna mynasyp. Garrygala onuň adynyň dakylmagy-da çäklilik. Hakyna seretseň, Magtymguly Garrygala bilen ilteşigi az şahyr. Garrygala bilen ilteşigi bolan, Garrygalada ýaşan onuň ýegeni Gurbandurdy Zelili bolmaly. Magtymgulynyň döwründe gerkezler o töwereklerde ýaşamandyr. Şahyryň ady easan Etrek etraby bilen baglanyşykly. Onuň goşgularynda atlaryny agzan Naýbadaý, Öýlük, Gyzylbaýyr Etrekde ýerleşýär. Welaýatlar täzeden dikeldilende, biz “Edebiýat we sungat” hepdeliginde Balkan, öňki Krasnowodsk welaýatyna Magtymgulynyň adyny dakmak barada Türkmenistanyň prezidentine, Ýokary Sowetine hat çap edipdik. Şol teklip kabul edilenliginde, bolmanda, welaýatlarymyzyň biriniň ady hökmünde Magtymgulynyň ady häli-şindi tutulyp durlardy.

H. Hally: Garrygala meselesi barada aýtsak, ol ýerde şahyryň garyndaşlary ýaşaýar diýen pikirden ugur alnan bolmagy mümkin ahyryn.

A. Baýry: Eýsem biz – özümiz Magtymgulynyň garyndaşy ýa ildeşi dälmi? Türkmende kim özüni Magtymguludan aýry tutup biler? Megerem, beýle adam türkmenleriň arasyndan tapylmasa gerek. Şonuň üçinem beýik şahyryň adyny ortalyk ýerlere dakmaly. Meselem, Moskwanyň etegindäki Puşkin şäheri bilen Aleksandr Sergeýewiçiň hiç bir dahyly ýok. Onuň adyny Sarskoe selo däl-de, täze ýere dakdylar. Özbegistandaky Nowaýy şäheriniňem Alyşir Nowaýy bilen gönüden-göni baglanyşygy ýok. Eger baglanyşyk bilen at dakylýan bolsa, onda Samarkandyň adyny Nowaýa öwrerdiler.

H. Hally: Onda bu meselä nähili çemeleşmeli?

A. Baýry: Bu ýerde halka degişli meseläni halk bilen geňeşip çözmeli. Eger şol işler halk bilen maslahatly edilse, il deňinde menem oňa kaýyl bolardym, sizem kaýyl bolardyňyz. Ýöne, gynansak-da, şahyry halkdan birhili üzňeleşdirýärler. Şeýdip, şahyr bilen halkyň arasyna sowuklyk aralaşdyrylýar. Onuň goşgusyna döredilen aýdymlaryň köpüsine gadaganlyk girizilmegi-de Magtymgula goýulýan hormatdan nyşan däl. Onsoňam şahyryň doglan gününiň 260 ýyllygy bellenmedi.

H. Hally: Indi nähili teklibiň bar?

H. Baýry: Şahyryň doglan gününiň 275 ýyllygyny giň möçberde bellemek gerek. Şoňa dünýäniň ähli ýerlerinden beýik şahsyýetleri çagyrmaly. Şeýdibem, Magtymgulynyň adyny dünýäniň köp ýurtlaryna, aýratynam şol ýerlerde ýaşaýan ildeşlerimiziň arasyna ýaýratmaly.
XS
SM
MD
LG