Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkyň ynamyny gazanmaga mümkinçilik bar


Partlamada Abadan şäherindäki 8-nji orta mekdebiň binasyna hem zeper ýetdi.
Partlamada Abadan şäherindäki 8-nji orta mekdebiň binasyna hem zeper ýetdi.
Men geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň aýagynda sowet goşunynyň hatarynda Polşada gulluk etdim. Özüm artilleriýaçydym. Bölüm komandiri hökmünde ýarag ammarynyň snarýadlarynyň howpsuz saklanyş aýratynlygyny gözüm bilen gördüm.

Žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew
Şol döwürde ýarag ammarynyň naçalnigi her snarýadyň saklanyşyna gözegçilik ederdi. Her aýda bir, eger zerur hasaplansa, iki-üç gezek polkuň ýörite döreden komissiýasy bilen ýarag ammaryny barlardylar. Ine, şonda her batareýanyň-rotanyň bölüm komandirlerinden, öňdebaryjy hasaplanan, ýa-da şol ugurdan ukuply görlen esgerlerem komissiýanyň düzümine goşardylar.

Ýarag ammaryny barlaýjy polkuň döreden komissiýasy haýsydyr bir snarýadyň geljek üç ýylyň dowamynda partlamaga ukyby, mümkinçiligi bar hasap edip, netijä gelse, şol snarýady aýratyn aýryp, ýörite howpsuz ýerde partladardylar. Şeýlelik bilen ol zamanlar her bir polkuň ýarag ammarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge kadr mümkinçiligem, öz komissiýasynyň gelen karary esasynda geljek üç ýylyň dowamynda ýarylmak mümkinçiligi bar hasaplanan snarýady-ok därini partladyp, ýok etmek ygtyýaram bardy.

Garaşsyzlyk ýyllarymyzda Nyýazowyň diktaturasy diňe bir polk komandirleriniň däl, eýsem, ähli harby ýolbaşçylaryň erk-ygtyýarlaryny elinden aldy. SSSR döwrüniň tejribeli harby ýolbaşçylary ýurtdan gitdi. Harby pudaga, esasanam, bu ugurdan ýolbaşçy wezipä işe alnanlar ukuby boýunça däl-de, diktatora wepalylygy boýunça bellendiler.

Elbetde, Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen, harby pudakda hem oňyn özgerişlikler edildi. Emma muňa garamazdan, tutuşlygyna alanyňda, Nyýazowyň diktaturasynyň ýazgarylmandygy, metbugat azatlygynyň ýokdugy üçin real durmuşy gülala-güllük edip görkezmäge ymtylýan ýolbaşçylaryň bardygyny aýtmak gerek. Edil beýleki ulgamlarda bolşy ýaly, harby ugurda hem durmuş hakykaty prezidente ýetirilenok.

7-nji iýulda ýarag ammarynda ýüz beren partlamanyň yzysüre Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agşamara geçen mejlisinde Abadanda bolan adam pidalaryny gizlejek bolmak, munuňam üstesine, Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda asla ýarag ammaryndaky partlamany inkär etmek, adam pidalaryny, weýrançylygy boýun almazlyk nämäniň alamaty?!

Umytlar bar

Prezidentiň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ygtyýary bolsa-da, bolan hadysany derňemek üçin ýörite topar döredenden soň, ýarag ammaryndaky weýrançylygyň, adam pidalarynyň belli bir derejede boýun alynmagy köp zatlardan habar berýän bolsa gerek. Diýmek, täze döredilen komissiýa ilkinji gezek real fakty — ýüz beren hadysany inkär etmek “pelsepesinden” el çekdi. Muny gutlamak gerek. Hatda bu ýörite toparyň partlamada bolan hadysany derňäp, ýene-de aýratyn adam pidalary, weýrançylygy habar berjekdigi hakynda umytlar bar.

Ýöne ýarag ammarynda bolan partlamany doly derňemek, onuň sebäplerini aýdyňlaşdyrmak üçin halka daýanmak gerek. Has dogrusy, bu wakany bilýän, şaýat bolan adamlar bilen hyzmatdaşlyk etmeli, partlamanyň bolan ýerinde dürli ýollaryň üsti bilen surata düşürenleri yzarlamaly däl-de, şolaryň üsti bilen bu partlamanyň nähili ýüze çykandygyny anyklamaga çalyşmaly. Iň esasy-da, bu ýörite döredilen toparyň hataryna garaşsyz žurnalistler goşulsa, gelnen netijäniň ygtybarlydygynyň delili has köpelerdi.

Şeýle hem bolan partlamanyň adam pidalaryny, weýrançylygyny doly derňäp, wepat bolanlary atma-at beýan etmeli, näçe adamyň maýyp-müjrüp bolandygyny açyk aýtmaly.

Eger-de döwlet ýolbaşçylarymyz tehnogen hadysasynda ýüz beren pajygany halk bilen hyzmatdaşlyk edip, doly derňäp, halka, dünýä jemgyýetçiligine aýan etseler, raýatlarymyzyň uly ynamyny almaga mümkinçilikleri bar. Döwlet ýolbaşçylarymyz “Hiçden giç ýagşy” edip, şol mümkinçiligi ulanarlar diýip umyt edýärin.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG