Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetdäki humarhana derňewleri nämäniň alamaty?


Humarhana derňewlerinde prokurorlar nyşana alnan hem bolsa, köp adamlar bu çäreler mundan beýläk dowam eder öýdenoklar.
Humarhana derňewlerinde prokurorlar nyşana alnan hem bolsa, köp adamlar bu çäreler mundan beýläk dowam eder öýdenoklar.
Orsýetiň döwlet Derňew komiteti Moskwa regionynyň prokurorlaryny bikanun humarhana setlerini goramakda aýyplady. Prokurorlara bu hyzmatlary üçin lýuks dynç alyş mekanlaryna syýahat mümkinçlikleri we başga-da ençeme ýeňillikler hödürlenýän eken.

Şeýle aýyplamalaryň ilkinjisi halk köpçüligine şu ýylyň başynda aýan edilipdi. Şondan bäri ençeme pyssy-pujurlyklaryň üsti açyldy. Mysal üçin, hatda Baş prokuroryň oglunyň hem humarhanalaryň hojaýynlary bilen prokurorlaryň arasynda durandygy mälim edildi. Emma prezident Dmitriý Medwedew bu waka boýunça köpçüligiň öňünde düýpli bellik edenden soň, bu aýyplama ýatyryldy.

Ýakynda bolsa döwlet telewideniýesi öz janyna kast eden ýokary derejeli prokuroryň keselhanada aradan çykandygyny habar berdi. Käbir habar serişdeleri muny humarhana dawalary bilen baglanyşdyrdy.

Emma humarhanalara garşy alnyp barylýan kampanýalarda ýokary derejeli resmileriň ady geçýän hem bolsa, köpler bu çäreleriň ýurtda berk ornaşan hakyky korrupsiýa garşy alnyp barylýan işdigine ynanmaýarlar. Synçylar munuň, aslynda, premýer-ministr Wladimir Putine wepaly bolan garşydaş syýasy toparlaryň arasyndaky göreşiň bir bölegidigine ynanýarlar.

Ýewgeniý Arhipow
Adam hukuklary boýunça rus aklawçylarynyň birleşiginiň başlygy Ýewgeniý Arhipowyň pikirine görä, Derňew komiteti özüniň güýjüni görkezmek üçin Baş prokuraturanyň abraýyndan geçip, humarhana dawalaryny başladypdyr.

“Gulluklaryň arasyndaky dawalar korrupsiýa baradaky ençeme maglumatlaryň köpçülige aýan bolmagyna sebäp bolup biler” diýip, Arhipow aýdýar. “Emma bu ýagdaý hukuk goraýjy organlaryň işine oňaýsyz täsir edýär”.

2007-nji ýylda prezident mahaly, Wladimir Putin Derňew komitetini Baş prokuraturanyň bir bölümi hökmünde ýola goýupdy, oňa ýolbaşçy edip hukuk fakultetinde bile okan kursdaşyny belläpdi. Bu komitet Kremliň töweregindäki resmileriň tussag edilmegine görkezme berip başlandan soň, öz ygtyýarlyklarynyň çäginden çykýanlykda aýyplandy.

Humarhana derňewleri baradaky habarlar jemgyýetçilige fewral aýynda ýetirildi. Edil şol wagtlar Derňew komiteti Baş prokuraturadan resmi taýdan bölünip aýrylypdy. Arhipowyň aýtmagyna görä, özüniň öňki gözegçisine garşy iş görkezmek bilen, bu edara indi özbaşdak bolandygyny görkezmek isleýär.

Kiril Kabanow
Döwlete degişli bolmadyk Korrupsiýa garşy milli komitetiň ýolbaşçysy Kiril Kabanowyň pikiriçe, Baş prokuraturanyň beýleki garşydaşlary, esasan hem Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) bu dawalaryň has hem möwjemegini isleýän bolup biler. Emma ol Baş prokuror Ýuriý Çaýkanyň ýene bäş ýyl möhlet bilen wezipesinde galdyrylmagy bu wezipe ugrunda onuň edarasy bilen Derňew komitetiniň arasynda barýan göreşe nokat goýdy diýýär.

“Köpler, esasan hem ýörite gulluklardakylar Baş prokuratura bilen Derňew komitetiniň arasyndaky dawa ulalyp gitse kem görmezler” diýip, Kabanow aýdýar. “Emma häzirki bolýan zatlar bu işiň tamamlanýandygyny görkezýär”.

Humarhana derňewlerinde prokurorlar nyşana alnan hem bolsa, köp adamlar bu çäreler mundan beýläk dowam eder öýdenoklar. Arhipowyň pikiriçe, munuň sebäbi – hökümet ýurduň hukuk goraýjy organlarynyň ýa-da özara ilteşikli korrupsiýanyň üstünden iş ýüzünde gözegçilik edip bilenok.

“Bularyň hiçisi dürli hukuk goraýjy organlar bilen ilteşikli jenaýat toparlarynyň ýa-da ýokarky wezipelere baryp direýän korrupsiýa gatnaşyklarynyň üstünden düşmeýär” diýip, Arhipow aýdýar. “Muňa diňe özbaşdak ýagdaýlar ýa-da hökümet başynda oturan adamlar bilen gatnaşygy bolmaýan prokurorlar dahylly edildi”.

Kabanow bu pikir bilen ylalaşyp, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň esasy aladasynyň hukugy goramak däl-de, öz gulluk wezipelerinden mümkin boldugyça has köp peýdalanmakdygyny aýdýar.

“Ýurda korrupsiýadan abanýan esasy howp täze derejä ýetdi. Gözegçilik edip bolmaýan Kreml toparlary islän zatlaryny edip bilerler. Elbetde, bu howply ýagdaý” diýip, Kabanow duýdurýar.

Arhipow bolsa bir zada ünsi çekýär: Medwedew geçen ýyl türmede aradan çykan hukukçy Sergeý Magnitskiniň ölüminiň derňelmegine iki gezek görkezme berdi. Halkara jemgyýetçiligi onuň ölüminiň derňelmegine yzygiderli çagyryş edipdi. Magnitskiý polisiýa işgärlerini millionlarça dollar para alanlykda aýyplandan soň, tussag edilipdi.

“Prezidentiň bir gezek görkezme bermegi ýeterlik bolmaly” diýip, Arhipow belleýär. “Bu ýurt diňe iň ýokardan dolandyrylýan ýaly bolup görünýär. Aslynda, bu humarhana wakalary onuň diňe öz akymyna görä hereket edýändigini ýene bir gezek subut edýär”.
XS
SM
MD
LG